HALKYŇ RUHY BAÝLYGY

24.07.2022

Ak mermerli paýtagtymyz Aşgabatda, ýurdumyzyň ähli sebitlerinde medeni-durmuş maksatly binalar yzygiderli gurulýar. Ýurdumyzyň medeniýet ulgamyna sanly ulgamy ornaşdyrmak işleri sazlaşykly alnyp barylýar. Ýurdumyzyň dürli ugurlarda gazanýan üstünlikleri bilen halkara jemgyýetçiligini tanyşdyrmakda döredijilik işgärleriniň möhüm orny bar. Döwletiň daşary syýasatyny durmuşa geçirmekde, dünýä bileleşiginde parahatçylyk dörediji, özara peýdaly hyzmatdaşlyk, dost-doganlyk gatnaşyklaryna aýratyn gadyr goýýan ýurt hökmünde ykrar edilen Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň halkara abraýyny belende götermekde medeniýet diplomatiýasyna möhüm ähmiýet berilýär.

Şunuň bilen baglylykda, medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de ähli döredijilik işgärleriniň wezipeleri häzirki döwrüň döredijilikli ruhuny, ýurdumyzyň okgunly ösüşini, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan we halkymyzyň bagtyýar hem-de abadan durmuşynyň üpjün edilmegine, Garaşsyz döwletimiziň sazlaşykly ösüşine gönükdirilen ägirt uly tutumlaryny giňden wagyz etmekden ybaratdyr. Mähriban Watanymyzda halkara derejede geçirilýän döredijilik forumlary, Medeniýet günleri, festiwallar, sergiler, konsertler we beýleki medeni çäreler hemişelik Bitarap döwletimiz bilen dünýä döwletleriniň arasyndaky hoşniýetli gatnaşyklary has-da ösdürmekde uly ähmiýete eýedir.

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda Mary welaýatynda geçirilen medeniýet hepdeligi milli medeniýetimizde, sungatymyzda gazanylan üstünlikleri dünýä ýaýmaga, täze, döwrebap sungat eserlerini döretmäge, ýurdumyzyň raýatlaryny täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrmaga ýardam berýär.

Ýurdumyzda giňden bellenilen Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni halkymyzyň bagtyýarlygynyň, ýurdumyzyň abadançylygynyň baýramydyr. Bu baýram medeniýet ulgamynyň agzybir işgärleriniň döredijilikli zähmetiniň, irginsiz gözlegleriniň barha rowaçlanýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň döwletlilik, berkararlyk, agzybirlik hakynda asyrlar aşyp gelen isleg-arzuwlary bu günki günde hasyl boldy. Dana Pyragynyň pähim-paýhasa, watançylyga ýugrulan goşgularynda arzuw edişi ýaly, mähriban halkymyz bagtyýar, abadan durmuşda ýaşaýar.

Güneşli Diýarymyzda medeniýet ulgamyny ösdürmäge gönükdirilen döwlet maksatnamalaryny yzygiderli durmuşa geçirýän, medeniýet we sungat işgärleriniň döwrebap we amatly şertlerde ýaşamaklary, döredijilikli işlemekleri, täze, döwrebap eserleri döretmekleri üçin ähli şertleri döredýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun.

 

Allamyrat AMANDURDYÝEW,

Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň kämillik ýaşyna ýetmedikler we ýaşlar hakyndaky kanunlaryň ýerine ýetirilişine gözegçilik bölüminiň uly prokurory, 2-nji derejeli ýurist.