DÖWLETLILIGIŇ GÖZBAŞY

28.07.2022

Çagalaryň bagtyýarlygy Watanymyzyň buýsanjydyr. Watanymyzda amala aşyrylýan her bir iş, belent tutumlar köňülleriň guwanjy bolan şadyýan çagalaryň bagtly geljegine gönükdirilendir.

Ynsanyýet durmuşynda çagalaryň bagtyýar ýaşaýşyny üpjün etmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Her ýylyň 1-nji iýunynda Çagalary goramagyň halkara güni, 20-nji noýabrynda bolsa Bütindünýä çagalar güni bellenilýär. 1946-njy ýylda döredilen Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasy (ÝUNISEF) häzirki wagtda dünýäniň 190-dan gowrak ýurdunda çagalaryňdyr ýaş raýatlaryň goraglylygyny, sagdynlygyny we bilimliligini üpjün etmek ugrunda iş alyp barýar.

Çagalaryň durmuş goraglylygyny üpjün etmek jemgyýetimizi hem-de döwletimizi hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösdürmekde öňe sürýän esasy wezipelerimizdir. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem ata-enesiniň ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlaryň howandarlygyndan galan çagalaryň we ýetginjekleriň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilendir.

Parasatly pederlerimizden miras galan mätäçlere hemaýat, goldaw bermek, oňa elden gelen kömegi etmek ýaly asylly häsiýetler belent adamkärçiligiň nusgasydyr. Gahryman Arkadagymyzyň  nygtaýşy ýaly, türkmen jemgyýetinde ene-atasyndan mahrum bolan çagalary gözden salmaýarlar. Şunuň bilen baglylykda, 2021-nji ýylyň 29-njy martynda Türkmenistanda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat etmek boýunça haýyr-sahawat gaznasy döredildi.

Geçen ýyl haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan ýurdumyzyň welaýatlarynyň etrap we şäher hassahanalarynyň çagalar bölümlerine döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen täze «Tiz kömek» awtoulaglaryny sowgat etmek barada çözgüt kabul edildi we bu awtoulaglar hassahanalaryň degişli bölümlerine berildi.

Şu geçen döwrüň içinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna hossarsyz çagalara we mätäçlik çekýän maşgalalaryň çagalaryna geçirilen ýürek, bogun we göz operasiýalary maliýeleşdirildi. Şeýle hem protez (emeli agza) önümleri, eşidiş enjamlary, maýyplar üçin arabalar satyn alyndy. Lebap welaýatyndaky Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezinde, Mary welaýat çagalar hassahanasynda, Aşgabat şäherindäki Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezinde hossarsyz we mätäçlik çekýän maşgalalaryň çagalaryna birnäçe operasiýalar geçirildi.

Diňe şu ýylyň maý aýynda Aşgabatdaky Halkara kardiologiýa merkezinde hem-de Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezinde mätäçlik çekýän maşgalalaryň çagalaryna ýürek, şeýle-de iki aýagyň dyz bogunlaryna operasiýalar geçirilip, olar gazna tarapyndan maliýeleşdirildi. Gaznanyň hasabyna Halkara endokrinologiýa we hirurgiýa merkezinde 23 sany çaga lukmançylyk anyklaýyş barlagy geçirildi.

Häzirki döwürde Türkmenistanda 100 çaga daýanç-hereket ediş keseli zerarly, degişli lukmançylyk kömegine mätäç. Hut şu nukdaýnazardan,  Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow saglygy goraýyş ulgamynda amala aşyrylýan giň gerimli işleriň Türkmenistanyň Konstitusiýasynda berkidilen, jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy adamyň saglygy baradaky hemmetaraplaýyn aladanyň anyk netijesidigini nygtady we bu merkezdäki çagalaryň bejergileri üçin haýyr-sahawat gaznasyndan ABŞ-nyň 400 müň dollary möçberinde pul serişdeleriniň geçiriljekdigini mälim etdi.

Pederlerimiziň aýdyşy ýaly, «Bal süýji, baldan-da bala». Her bir ynsan perzentleriniň bagtyýar durmuşyny kepillendirmek üçin ýaşaýar. Bu babatda biz bir hakykaty arkaýyn aýdyp bileris. Türkmenistan — bagtyýar çagalygyň ýurdy. Şeýle beýik işleriň başynda duran Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Serdarymyza hoşallygymyz çäksizdir.

 

Aýbölek NURSÄHEDOWA,

Aşgabat şäheriniň prokuraturasynyň baş derňew bölüminiň uly prokurory, 1-nji derejeli ýurist.