PARAHATÇYLYGYŇ WE ÖSÜŞIŇ AÝDYŇ UGRY

18.08.2022

Arkadagly Serdarymyzyň parasatly tutumlary esasynda Hazar deňzi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe söwda, syýahatçylyk, ulag-logistika we ýangyç- energetika babatdaky ösüşleri bilen dünýäde parahatçylykly ösüşiň kämil tejribesini dabaralandyrýar.

Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda 8-nji awgustda Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystanyň serhedine çenli barýan awtomobil ýolunyň ugrunda Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän täze awtomobil köprüsiniň düýbüni tutmak dabarasy «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylyny mynasyp mazmun bilen baýlaşdyran şanly waka boldy.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan dünýä we sebit döw- letleri, şol sanda Hazarýaka döwletleri bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny yzygiderli berkidýär. Hazarýaka döwletleriniň, ýagny Azerbaýjan Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň we Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň yzygiderli kämilleşmeginde

bilelikdäki duşuşyklarda gol çekilen we soňra bu ýurtlaryň parlamentleri tarapyndan tassyklanylan resminamalar berk binýat bolup durýar. Bu resminamalar halkara hukugynyň umumylykda ykrar edilen kadalaryna we ýörelgelerine, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynda berkidilen kadalara hem-de ýörelgelere, şeýle hem birek-biregiň garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny, çäkleriniň bitewüligini, serhetleriniň bozulmazlygyny hormatlamaga, içerki işlerine gatyşmazlyga hem-de döwletleriň hyzmatdaşlygyna esaslanýar.

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary esasynda bütin dünýäde «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen 2021-nji ýylyň 21-nji ýanwarynda Hazar deňzindäki «Dostluk» ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp geçmek we özleşdirmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekilmegi bolsa dünýäde parahatçylygy berkitmegiň, dialoglary alyp barmagyň täze, nusgalyk tejribesi boldy.

2022-nji ýylyň 29-njy iýunynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlyklygynda geçirilen altynjy Hazar sammiti bolsa Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň halkara ähmiýetli şanly wakalarynyň biri boldy. Bu sammitde Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlary Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyjy bilen döredilen Hazar ykdysady forumynyň ähmiýetiniň uludygyny nygtadylar. Mälim bolşy ýaly, 2019-njy ýylyň awgustynda Türkmenbaşy şäherinde geçirilen birinji Hazar ykdysady forumy hökümetleri, halkara institutlary, işewürler toparlaryny, ylmy jemgyýetçiligi giňden çekmek bilen, Hazarýaka döwletleriň ykdysadyýetine degişli meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin ähmiýetli meýdançany emele getirdi.

Arkadagly Serdarymyzyň Hazarýaka döwletleriniň baştutanlarynyň paýtagtymyz Aşgabatda geçen altynjy Hazar sammitinde Hazar deňzinde göni başlangyç çäkleri ýola goýmagyň usuly hakyndaky Ylalaşygyň üstünde işlemegi tamamlamak hem-de daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylaryna bäştaraplaýyn gün tertibiniň ähli meseleleri boýunça hyzmat- daşlygyň ileri tutulýan ugurlary babatda maslahatlary yzygiderli geçirmek bara- daky teklibi sebitde ykdysady we me- deni hyzmatdaşlygyň täze nusgasyny emele getirdi.

Ata Watanymyzyň halkara abraýyny has-da belende galdyrýan Arkadagly Serdarуmyzyň jany sag, ömri uzak, paýhasly işleri rowaç bolsun.

 

Mekan BAÝRAMGELDIÝEW, Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynyň prokurory.