21.08.2022
Ata Watanymyzyň bagtyýar geljegini kepillendirýän ýaş nesli ösdürip ýetişdirmekde mähriban enelerimiziň gujur-gaýratyna uly hormat goýmak bilen, 2008-nji ýylyň 3-nji martynda ýurdumyzda Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly ady döredildi we degişli Kanun bilen bu adyň Düzgünnamasy, nyşanynyň Ýazgysy tassyklanyldy.
Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly ady sekiz we şondan köp çagany dünýä indiren we mynasyp terbiýelän enelere Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen dakylýar. Mynasyp terbiýelän diýip, çagalaryň beden, ruhy we ahlak taýdan ösmegini, umumy orta bilim almagyny üpjün etmek bilen olaryň terbiýelenilmegine düşünilýär. Bu hormatly at Türkmenistanyň raýatlary bolup durýan aýallara, şeýle hem raýatlygy bolmadyk adamlar bolup durýan hem-de Türkmenistanyň çäginde hemişelik ýaşaýan aýallara hormatly adyň dakylýan ýylynyň birinji ýanwaryna çenli enäniň sekizinji çagasy dünýä inen we beýleki çagalary diri bolan mahalynda dakylýar.
Kanunyň talaplaryna laýyklykda, kazyýetiň kanuny güýje giren çözgüdi esasynda ata-enelik hukuklaryndan mahrum edilenler ýa-da ata-enelik hukuklary çäklendirilen, özi barada at-abraýdan düşürýän etmiş edenler Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly ady dakmaga hödürlenilmeýär.
Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adyna mynasyp bolan enelere döwlet kömek pullarynyň hasaplanylmagy üçin bellenilen binýatlyk ululygyň on essesi möçberinde birwagtlaýyn baýrak tölenilýär. Bu enelere pensiýalarynyň (muňa ekleýjisini ýitirendigi boýunça pensiýa we toplaýyş pensiýasy degişli däldir) ýa-da çaga seretmek boýunça döwlet kömek pulunyň, maýyplyk boýunça döwlet kömek pulunyň, döwlet durmuş kömek pulunyň 30 göterimi möçberinde her aýda goşmaça hak tölenilýär.
Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adyna mynasyp bolan eneler Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen halatlarda we tertipde ýeňilliklerden peýdalanýarlar. Olara diş protezleri hyzmatlaryndan — Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna, jemgyýetçilik awtoulag serişdelerinden (taksiden başgasy), şeýle hem olara we olar bilen bile ýaşaýan maşgala agzalaryna suwdan, gazdan, elektrik energiýasyndan we ýaşaýyş jaý-jemagat hyzmatlaryndan degişli edaralaryň öz serişdeleriniň hasabyna mugt peýdalanmaga hukuk berilýär. 2022-nji ýylyň 24-nji iýulynda kabul edilen Türkmenistanyň Kanuny esasynda, Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adynyň Düzgünnamasyna üýtgetme we goşmaça girizilip, Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adyna mynasyp bolan ene aradan çykan ýagdaýynda, onuň maşgala agzalary üçin agzalan suwdan, gazdan, elektrik energiýasyndan we ýaşaýyş jaý-jemagat hyzmatlaryndan mugt peýdalanmaga bolan hukuk enäniň iň soňky çagasy kämillik ýaşyna ýetýänçä saklanyp galýandygy baradaky kadalar girizildi. Munuň özi jemgyýetiň esasy düzüm bölegi bolan maşgala däplerini we jebisligini pugtalandyrmak ugrunda tagalla edýän köp çagaly eneler üçin döwletimiz tarapyndan edilýän bimöçber goldawdan we aladadan nyşandyr.
Halkymyzyň abadan durmuşy üçin il-ýurt bähbitli işleri durmuşa geçirýän Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun!
Muhammet MUHAMMETÇARYÝEW, Ak bugdaý etrabynyň prokurorynyň uly kömekçisi, 2-nji derejeli ýurist.