ÄHLUMUMY BÄHBIDE GÖNÜKDIRILEN BAŞLANGYÇLAR

24.08.2022

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bedew bady bilen öňe barýan ýurdumyzda hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan ugur alnyp, Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda sebitiň ýurtlary we dünýäniň ähli döwletleri bilen parahatçylykly, dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklaryň ösmegine ýardam etmek ýörelgelerine eýerilýär.

Garaşsyz Türkmenistan  Demirgazyk — Günorta, Günbatar — Gündogar ugurlarynyň çatrygynda amatly çäkde ýerleşmek bilen, öz öňünde açylýan mümkinçilikleri has-da giňeltmäge we ählumumy bähbitleri sazlaşdyrmak arkaly diňe öz çäginde ýa-da sebitde däl, eýsem, bütin dünýäde abadançylygy, durnuklylygy, parahatçylygy berkarar etmäge goşant goşýar.

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň 15-16-njy awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesinde geçirilen maslahat hem döwletimiziň dünýäde ählumumy ösüşi we durnuklylygy gazanmak ugrundaky maksadyna ýetmekde ýene-de bir möhüm ädime öwrüldi. Maslahata ençeme döwletleriň hem-de halkara guramalaryň wekiliýetleriniň gatnaşmaklary forumyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň durnukly ulag we onuň bilen bagly Durnukly ösüş maksatlary ulgamynda gazanan üstünliklerini seljermekden, şunuň bilen baglylykda, koronawirus pandemiýasynyň we beýleki wehimleriň täsirini kesgitlemekden ybarat bolan maksatlaryna ýetmegine we  ykdysady taýdan hemmeler üçin bähbitli çözgütleri kabul etmäge, tejribe alyşmaga şert döretdi.

Hormatly Prezidentimiziň halkara maslahatda sanly ulgam arkaly eden çykyşynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň «Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ählumumy ulag hyzmatdaşlygynyň ösüşinde we ony pugtalandyrmakda ornuny ýokarlandyrmak hakyndaky» Rezolýusiýasyny işläp taýýarlamak baradaky teklibi öňe sürmegi we bu resminamanyň biziň döwletlerimiziň bähbitlerini öňe sürmäge netijeli itergi bermäge, degişli meseleleriň ähmiýetini açyp görkezmäge we olara düşünmäge ýardam berjekdigini nygtamagy türkmen tarapynyň bu ugurda öňde goýlan maksatlara ýetmekde tutanýerli hem jogapkärçilikli çemeleşmelerini aýdyň görkezdi.

Garaşsyz ýurdumyzda döwlet syýasatynyň ösüşiniň ähli tapgyrlarynda Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan döwletli tutumlaryny  durmuşa geçirmek ugrunda netijeli işleri alyp barýan hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen her bir ugurda bolşy ýaly, daşary ykdysady gatnaşyklarda hem öňde goýulýan maksatlar tapgyrlaýyn, yzygiderli we netijeli häsiýete eýe bolup durýar. Muny Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2014-nji, 2015-nji, 2017-nji we
2021-nji ýyllarda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň ulag ulgamynda durnukly ulag we halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek meseleleri boýunça «Durnukly multimodal üstaşyr geçelgelerini döretmäge ýardam etmek maksady bilen ulaglaryň ähli görnüşleriniň arasynda hemmetaraplaýyn gatnaşyklary üpjün etmegiň ýolunda», «Durnukly ösüş üçin halkara hyzmatdaşlygy üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň orny», «Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak bilen baglylykda, ulaglaryň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek», «Koronawirus keseliniň (COVID-19) pandemiýasy we ondan soňky döwürde durnukly ösüş üçin üznüksiz we ygtybarly halkara ýük daşamalary üpjün etmek maksady bilen ulagyň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygy berkitmek» atly Kararnamalary hem aýdyň görkezýär. Bu halkara resminamalar diňe bir ýurdumyz üçin ykdysady bähbitli bolman, ählumumy bähbitleri we amatly şertleri göz öňünde tutýar.

Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahatyň Jemleýji Beýannamasynda bu döwletleriň Hereketleriň Wena maksatnamasynyň degişli ileri tutulýan ugurlaryny hem-de 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Durnukly ösüş ulgamynda Gün tertibini doly ýerine ýetirmegine päsgelçilik döredýän COVID-19 pandemiýasynyň oňaýsyz täsirleri, howanyň üýtgemeleri we beýleki kynçylyklar doly seljerilip, olaryň zyýanly netijelerini aradan aýyrmak üçin çäreleriň teklip edilmegi, forumda orta atylan meseleleriň we olaryň ýüze çykmagynyň sebäpleriniň seljerilip, anyk çözgüde gelnendiginiň subutnamasydyr.

Forumyň Jemleýji resminamasy ýurdumyzyň başlangyjy bilen guralýan ähli beýleki halkara çäreler bilen bir hatarda,   bu halkara maslahatyň hem tutuş adamzat jemgyýetiniň häzirki döwürde ýüzbe-ýüz bolýan meseleleriniň çözgüdini tapmaga ýardam edýän we netijeli başlangyçlary, parahatçylykly we bähbitli usullary teklip edýän çäredigini subut etdi.

Ýurdumyzyň ulag-logistika ulgamynyň has-da kämilleşmegi, halkara ulag hyzmatdaşlygyndaky ornunyň pugtalanmagy, daşary ýurt döwletleri we halkara guramalary bilen ösüşiň we parahatçylygyň hatyrasyna hyzmatdaşlygyň köpugurly pugtalanmagy, milli ykdysadyýetimiziň dünýä ykdysadyýetine goşulyşmak derejesiniň ýokarlanmagy, Türkmenistanyň döwlet berkararlygynyň mizemezligi, halkara abraýynyň artmagy, şonuň ýaly-da sebitde we bütin dünýäde parahatçylygyň we howpsuzlygyň üpjün edilmegi ugrunda halkymyzyň abadan geljegini nazarlaýan, umumadamzat bähbitli işleri durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, belent başy aman, tutumly işleri rowaç bolsun.

 

 

Nurjemal BAÝRAMOWA, Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň Baş müdirliginiň hukuk üpjünçiligi bölüminiň müdiriniň wezipesini ýerine ýetiriji, 2-nji derejeli ýurist.