KÄRHANANY DÖWLET BELLIGINE ALMAGYŇ ESASLARY

02.09.2022

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda eýeçiligiň ähli görnüşleri döwlet tarapyndan goralýar we Watanymyzyň ösüşine mynasyp goşant goşmak üçin önüm öndürijilere hemmetaraplaýyn giň mümkinçilikler döredilýär.

Önüm öndürmek, harytlary ýerleşdirmek, ýerine ýetirilýän işler we bitirilýän hyzmatlar üçin jemgyýetiň zerurlyklaryny kanagatlandyrmak hem-de girdeji almak maksady bilen döredilýän ykdysady işiň özbaşdak subýekti kärhana hasaplanýar. Ol esaslandyryjylaryň karary bilen döredilýär we ýuridik şahs hökmünde hukuk ýagdaýyny kesgitleýän resminamasy, tertipnamasy bolýar. Kärhananyň döredilendigi, şeýle hem onuň üýtgedilip guralandygy ýa-da ýatyrylandygy hakyndaky hakykaty tassyklamak, ýeke-täk hasabyny ýöretmek we edara görnüşindäki, fiziki şahslary degişli habar bilen üpjün etmek maksady bilen, kärhanalar Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Salgyt müdiriýeti hem-de onuň salgyt edaralary tarapyndan döwlet belligine alynýar.

Türkmenistanda kärhanalary döretmegiň, olaryň işiniň we işini bes etmeginiň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýän «Kärhanalar hakynda» Türkmenistanyň Kanuny döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirilip, oňa raýatlaryň bu ugurda amala aşyrýan işlerini ýeňilleşdirmek, degişli resminamalary resmileşdirmek üçin sarp edilýän wagty tygşytlamak we olaryň işlerinde bökdençlikleriň ýüze çykmagynyň öňüni almak maksady bilen yzygiderli üýtgetmeler we goşmaçalar girizilýär.

Agzalýan Kanuna 2021-nji ýylyň 13-nji martynda kabul edilen Kanun esasynda kärhanany döwlet belligine almak boýunça zerur bolan resminamalaryň dolanyşygy Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan bellenilen tertipde elektron görnüşinde amala aşyrylyp bilinýändigi, 2022-nji ýylyň 22-nji iýulyndaky Kanun esasynda bolsa kärhanany döwlet belligine almak üçin 17-nji maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan resminamalardan başga goşmaça resminamalaryň talap edilmegine ýol berilmeýändigi baradaky kadalaryň girizilmegi raýatlaryň bu ugurda ýüze çykýan gatnaşyklaryny düzgünleşdirmekde yzygiderli kämilleşdirilýän döwrebap kanundygyny görkezýär.

Hukuk ulgamyny kämilleşdirmekde taýsyz tagallalary edýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, işleri rowaç bolsun.

 

 

Bilbil SAPAROWA, Daşoguz welaýatynyň prokurorynyň hukuk üpjünçiligi boýunça uly kömekçisiniň wezipesini ýerine ýetiriji, 1-nji derejeli ýurist.