EKOLOGIÝA ABADANÇYLYGY

05.09.2022

Meşhur şahyr Gara Seýitliýew goşgusynda:

Kimde-kim bir agaç ekse ýadygär,

Dünýä kitabynda onuň ady bar —  diýip, belläp geçýär. Türkmen halky bag ekmegi sogap we mukaddes iş hasaplaýar. Häzirki wagtda ekologiýany gorap saklamak, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň birine öwrüldi.

Soňky ýyllarda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde tebigy şertlerine görä, dürli görnüşli baglary ekmek we olara ideg etmek işleri ýokary derejede ýola goýulýar. Bag nahallarynyň dürli görnüşlerini taýýarlamak işleri edara-kärhanalara degişli şitilhanalarda, şitil ýetişdirýän hojalyklarda alnyp barylýar. 2022-nji ýylyň 25-nji aprelinde Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň «Şäherlerdäki baglar» atly başlangyjyna bag ekmek çäreleri arkaly goldawy we oňa goşan goşandy

üçin Aşgabat şäherine halkara Güwänamasynyň gelip gowuşmagy mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi. Türkmenistan daşky gurşawy goramak boýunça çärelere, tebigata aýawly garamaga hem-de bioköpdürlüligi üpjün etmäge aýratyn üns berýär. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň martynda Türkmenistanyň Prezidentiniň gatnaşmagynda geçirilen ählihalk bag ekmek dabarasy ýurdumyzyň ekologiýa ulgamynda öz üstüne alan borçnamalaryny ýerine ýetirmäge ygrarlydygynyň aýdyň subutnamasydyr. Şeýle hem ýurdumyzda bu ugurda Milli tokaý maksatnamasynyň durmuşa geçirilmeginiň ähmiýeti we onuň çäklerinde şäherlerde we obalarda ýaşyl zolaklaryň giňeldilmegi ugrunda bag ekmek çäreleriniň yzygiderli geçirilýändigi guwandyrýar.

 

Halmuhammet MYRADOW, Mary etrap prokurorynyň orunbasarynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi.