DERWAÝYS MESELÄNIŇ ÇÖZGÜDI

08.09.2022

Ajap eýýamymyzda neşekeşlige garşy göreş ählihalk işine öwrülip, bu ýowuz belany halkymyzyň durmuşyndan ýok etmekde ýokary netijeler gazanyldy. Neşe howpunyň üzül-kesil pese gaçmagy il-günümizde hoşallyk duýgusyny döretdi. Onsoňam, Garaşsyz döwletimizde ähli ugurlar boýunça düýpli özgertmeleriň durmuşa geçirilýän döwründe neşekeşlige asla orun bolup hem bilmez.

Neşäniň zyýany hakynda aýtsak, ol adamyň saglygyna uly zyýan ýetirýär. Zähmete ukyplylygyny peseldýär. Neşekeşlige ulaşan adam abraýdan gaçýar. Maşgalasynyň, dogan-garyndaşlarynyň at-abraýyny döküp, ile ryswa bolýar. Neşä erkini aldyran soňa-baka jenaýatlykly hereketlerede ýüz urup başlaýar. Şeýle hereketleriň soňy bolsa, peýdasyz puşmana getirip, demir gözenegiň aňyrsyndan garamaly edýär. Şonuň üçinem neşekeşlige garşy göreşde ýetilen sepgidi has-da berkitmek wajypdyr. Bu işde wagyz-nesihat çäreleriniň ähmiýetine uly üns bermek döwrüň talabydyr.

 

Muhammet ATAKOW, Sakarçäge etrap prokurorynyň kömekçisi, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi.