AZIÝANYŇ MERJENI

14.09.2022

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň baş şäheri gözümiziň alnynda barha özgerýär. Paýtagtymyzda milli binagärlik sungatynyň özboluşly äheňlerini we häzirki zaman ylmynyň gazananlaryny öz keşbinde jemleýän kaşaň ymaratlardyr desgalaryň yzygiderli gurlup, ulanylmaga berilmegi bilen Aşgabadyň görki has-da artýar.

Aşgabady bu gün görmäge göz, waspyny ýetirmäge şirin söz gerek. Merjen şäherimiziň çar ýanyny ak mermerli binalar, ýaşyl begresli seýilgähler bezeýär. Paýtagtymyzyň aýna ýaly şaýollary, köpugurly köprüleri, suw çüwdürimleri we beýleki täsin ymaratlary hem buýsanmaga esas döredýär. Aşgabadyň ajaýyp desgalary — belentden belent ýaşaýyş jaýlary, medeni dynç alyş seýilgähleri, söwda we hyzmat ulgamyna degişli binalary hem-de beýlekiler paýtagtymyzyň ýaşaýjylarydyr myhmanlaryna giň amatlyklary açýar. Ýurdumyzyň ýüregi hasaplanýan, Aziýanyň merjeni diýlip atlandyrylýan baş şäherimizde bu gün dürli maksatly desgalaryň onlarçasynyň gurluşygy güýçli depginde alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň 23-nji awgustda dikuçarda paýtagtymyz boýunça uçuşy amala aşyran mahalynda şeýle desgalaryň birnäçesinde alnyp barylýan gurluşyk işleri bilen tanyşmagy ildeşlerimizde buýsançly duýgulary döretdi. Arkadagly Serdarymyzyň Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumynyň, «Daşkent» dynç alyş seýilgähiniň, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň binasynyň, 400 orunlyk Halkara sagaldyş-dikeldiş merkeziniň, Magtymguly şaýolunyň ugrunda gurulýan söwda merkeziniň, «Parahat», «Gurtly», «Köşi» ýaşaýyş toplumlarynda, şeýle-de Büzmeýin etrabynyň çäginde ýaýbaňlandyrylan ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşyklary bilen tanyşmagy paýtagtymyzy durmuş-ykdysady taýdan depginli ösdürmäge gönükdirilen giň möçberli işleriň döwlet Baştutanymyzyň aýratyn üns merkezinde durýandygynyň subutnamasydyr.

Ýakyn wagtda ak mermerli Aşgabatda saglygy goraýyş maksatly desgalaryň ýene-de birnäçesiniň gurluşygyna girişiljekdigi has-da guwandyrýar. Munuň özi Arkadagly Serdarymyzyň adamlaryň saglygy, bagtyýarlygy we eşretli durmuşy ugrunda edýän bimöçber aladalaryndan nyşandyr. Şeýle baky bagtyýarlygy döredip berendigi, ulus-ilimizi röwşen geljege alyp barýandygy üçin hormatly Prezidentimize alkyşlarymyz çäksizdir.

 

Sylapberdi KAKAJANOW, Gökdepe etrabynyň prokurorynyň tälim alyjy uly kömekçisi.