news-photo
Türkmenistanyň Prezidenti ŞHG-niň Samarkant sammitine gatnaşýar

16.09.2022

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hormatly myhman hökmünde ŞHG-niň Samarkantda geçýän sammitine gatnaşýar.

Döwlet Baştutanymyz sammitde ŞHG-niň çäklerinde söwda-ykdysady, medeni we ynsanperwer ugurlarda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň esasy meseleleri bilen bagly çykyş eder. Duşuşygyň netijeleri boýunça jemleýji resminama gol çekilmegine göz öňüne tutulýar.

Düýn hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow daşary ýurtly kärdeşleri — Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, şeýle-de, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Çžan Min bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi.

ŞHG 2001-nji ýylda döredilen halkara guramadyr. Oňa Hindistan, Gazagystan, Hytaý, Gyrgyzystan, Russiýa, Täjigistan, Pakistan we Özbegistan girýär. Owganystan, Belarus, Eýran we Mongoliýa synçy ýurtlar, Azerbaýjan, Ermenistan, Kamboja, Nepal, Türkiýe, Şri-Lanka bolsa hyzmatdaş ýurtlardyr.