AHLAK PÄKLIGI — ZENAN MERTEBESI

17.09.2022

Ak bugdaý etrap häkimliginiň mejlisler jaýynda «Ahlak päkligi — zenan mertebesi» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Etrap häkimliginiň, welaýat Polisiýa müdirliginiň, etrap prokuraturasynyň hem-de etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda bolan duşuşyga etrabyň bilim, saglygy goraýyş ulgamlarynda zähmet çekýän zenanlar gatnaşdy.

Duşuşykda Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň etrap Geňeşiniň hünärmeni, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty Baýramsoltan Myradowanyň, welaýat Polisiýa müdirliginiň işgäri Öwezgeldi Akmyradowyň, Ak bugdaý etrabyndaky 10-njy orta mekdebiň mugallymy Aýna Annamyradowanyň, şol etrabyň ýaşaýjysy Annajeren Sadykowanyň çykyşlary täsirli boldy. Çykyşlarda halkymyzyň döreden baý ruhy-ahlak gymmatlyklary, zenanlara mahsus gylyk-häsiýetler, ata-babalarymyzdan miras galan edim-gylymlar, maşgala mukaddesligi, zähmetsöýerlik hakdaky gürrüňe aýratyn üns çekildi hem-de oňa gatnaşyjy ýaş gelin-gyzlara şonuň bilen bagly gymmatly öwüt-ündewler aýdyldy.

Duşuşyga gatnaşyjylar täze taryhy döwrümizde milli mirasymyza aýratyn sarpa goýup, asylly ýörelgelerimiziň dowam etdirilmegi ugrundaky taýsyz tagallalary üçin hormatly Prezidentimiziň adyna alkyşly sözlerini aýtdylar.

 

Giiljahan IBRAGIMOWA, Ak bugdaý etrabynyň prokurorynyň kömekçisi, 1-nji derejeli ýurist.