25.10.2022
Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýynda eden çykyşynda häzirki wagtda ýurdumyzyň ilatynyň esasy bölegini Garaşsyzlyk ýyllarynda kemala gelen ýaş nesilleriň düzýändigine ünsi çekip, olara ýurdumyzyň geljegini gurujylar hökmünde garalýandygyny belledi. Şonuň üçin olaryň kanuny bähbitlerini goramak döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Gurultaýda Arkadagly Serdarymyzyň «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşine gol çekmegi ösüp gelýän nesliň hukuklarynyň giňden goralýandygynyň ýene bir subutnamasy boldy. Döwrüň talabyna görä kämilleşdirilen bu kanun ýaşlaryň hukuklaryny giňeldýän maddalaryň giň toplumyny özünde jemleýändigi bilen ähmiýetlidir. Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň iýun aýynda Gahryman Arkadagymyz Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyplary bilen duşuşanda, bu kanunyň mazmunyny kämilleşdirmek barada piker alşypdy. Şol ýürekdeş söhbetdeşlikde orta atylan teklipleriň köpüsiniň kanunyň rejelenen görnüşinde öz beýanyny tapandygy has guwandyryjydyr. Kanunyň rejelenen görnüşiniň kabul edilmegi we güýje Girmegi bilen, ýaşlar hakyndaky döwlet syýasatynyň hukuk Binýady has pugtalandy, ösüp gelýän ýaş nesli watançylyk, ynsanperwerlik, zähmetsöýerlik ruhunda terbiýelemek üçin has amatly hukuk şertleri döredildi.
Baýramgül HALDURDYÝEWA, welaýat prokuraturasynyň umumy bölüminiň başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi