28.10.2022
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe maşgala gymmatlyklaryna, maşgalanyň jemgyýetdäki ornuna aýratyn uly ähmiýet berilýär. Ýaşulularyň, ene-mamalarymyzyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň wekilleriniň gatnaşmaklarynda yzygiderli wagyz-nesihat çäreleri geçirilýär.
Nika gatnaşyklaryny düzgünleşdirmegiň hukuk toplumy birnäçe esas goýujy resminamalardan durýar. Bilşimiz ýaly, döwletiň wajyp wezipesi eneligi, çagalygy, atalygy goramak, şeýle-de maşgala kömek bermek we goldamak bolup durýar. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 54-nji maddasynda ýaş maşgalalara, köp çagaly maşgalalara, ata-enesinden mahrum bolan çagalara, weteranlara we döwletiň ýa-da jemgyýetiň bähbitlerini goramakda saglygyny ýitiren adamlara döwlet we jemgyýetçilik serişdelerinden goşmaça goldaw hem ýeňillikler berilýändigi, 140-njy maddasynda kanunlaryň, döwlet edaralarynyň we wezipeli adamlaryň gaýry hukuk namalarynyň Konstitusiýanyň esasynda we şoňa laýyklykda kabul edilýändigi göz öňünde tutulan.
Maşgala gatnaşyklary babatda iki sany halkara hukuk resminamany bellemek möhüm. Bu, ilkinji nobatda, 1966-njy ýylyň 16-njy dekabryndaky «Raýat we syýasy hukuklar hakynda» halkara ylalaşygydyr. Bu ylalaşygyň 23-nji maddasyna laýyklykda, maşgala jemgyýetiň tebigy we esasy bölegi bolup, onuň jemgyýet hem-de döwlet tarapyndan goralmagyna hukugy bardyr.
Häzirki wagtda ýurdumyzda hereket edýän Türkmenistanyň Maşgala kodeksiniň nika baglaşmaga, är-aýalyň hukuklarynyň we borçlarynyň amala aşyrylmagyna bagyşlanan kadalarynyň seljerilmegi nikany erkegiň we aýalyň arasynda maşgala döretmeklige gönükdirilen, döwlet belligine hökmany alynmaga degişli bolan, olar üçin özara şahsy we emläkleýin hukuklary, borçlary döredýän, meýletin we deň hukukly birleşik hökmünde kesgitlemäge mümkinçilik berýär.
Kodeksiň 2-nji maddasynda: «Türkmenistanyň maşgala kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we şu Kodeksden hem-de Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybarat bolup durýar. Eger Türkmenistanyň halkara şertnamasynda şu Kodeksde bellenilen kadalardan başga kadalar bellenilen bolsa, onda halkara şertnamasynyň kadalary ulanylýar» diýlip bellenilmegi maşgala-hukuk gatnaşyklaryny düzgünleşdirmekde Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we halkara şertnamalarynyň ýokarda bellenen kadalarynyň ileri tutulýandygyny görkezýär.
Maşgala mukaddesligine belent sarpa goýýan Arkadagly Serdarymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, türkmen halkynyň geljegi ugrunda tutýan tutumly işleriniň rowaç bolmagyny arzuw edýäris.
Selimberdi KOROW, Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap prokurorynyň kömekçisi.