DÖWRE BUÝSANÇ – ZÄHMETE HYJUW

04.11.2022

— Ösüşler, öňegidişlikler, ilkinji  nobatda, halkymyz bilen döwlet Baştutanymyzyň jebisligini alamatlandyrýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow döwletiň ösüş depginlerine, halkyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň ýokarlanmagyna degişli bolan her bir meseläni üns merkezinden düşürmeýär.

Munuň şeýledigini hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 28-nji oktýabrda geçiren sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisi hem aýdyňlygy bilen tassyklaýar. Mejlisde ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryny ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny ösdürmäge gönükdirilen resminamalaryň taslamalaryna garalyp, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Arzuwlaryňyz hasyl bolsun, kämil paýhasy ähli ösüşlere şamçyrag bolýan Arkadagly Serdarymyz.

Didar MUHAMMEDOW, Ahal welaýat harby prokuraturasynyň uly sülçüsi, 2-nji derejeli ýurist.