TÜRKMENISTAN — GÜLLÄP ÖSÝÄN WATANYM!

08.11.2022

 

Adalatyň, demokratiýaň mesgeni

Türkmenistan — gülläp ösýän Watanym.

Öňe barýar ösüşlere beslenip,

Türkmenistan — gülläp ösýän Watanym.

 

Paýtagtym bar paýtagtlaryň seresi,

Görenleriň ýene geler göresi,

Jeýhun bilen Bahry-Hazar arasy,

Türkmenistan — gülläp ösýän Watanym.

 

Parahatlyk söýüjilik ýoluň bar,

Dünýä belli bedewiň bar, halyň bar,

Her ýerde, her işde nusga alynýar,

Türkmenistan — gülläp ösýän Watanym.

 

Oguz Tugy pasyrdap dur goluňda,

Gün-günden abraýyň galýar belende,

Toý toýlanýar her bir baýram gelende,

Türkmenistan — gülläp ösýän Watanym.

 

Beýik işler nazarlaýar geljegi,

Topragyň — hazyna, ýokdur ölçegi.

Ähli şert bar işläp abraý aljaga,

Türkmenistan — gülläp ösýän Watanym.

 

Asudalyk zynat berýär günlere,

Döwrümiziň keşbi mahsus güllere,

Gözelligňe joşman oňup bilmerin,

Türkmenistan — gülläp ösýän Watanym.

 

Dünýä bilýär şöhratyňy-şanyňy,

Ösüşlermiz has köpeldýär sanyny,

Siňdiň görejime, şirin janyma,

Türkmenistan — gülläp ösýän Watanym.

 

Oňyn Bitaraplyk barha berkeýär,

Döwlet, hukuk zamanabap görke ýar,

Beýik işler bilen geljege barýar,

Türkmenistan — gülläp ösýän Watanym.

  

 

Jennet ARAZOWA, Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň Baş müdirliginiň hukuk üpjünçiligi bölüminiň uly prokurory, 1-nji derejeli ýurist.