BELENT SEPGITLERIŇ ÝYLY BOLAR

01.03.2021

Milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşulan döwletimiziň içeri we daşary syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýän giň gerimli işleri merdana halkymyzyň agzybirligini üpjün etmäge, ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny durnukly we sazlaşykly ösdürmäge, eziz Watanymyzyň halkara derejesindäki abraýyny has-da ýokarlandyrmaga mümkinçilikler berdi.

Hormatly Prezidentimiz Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerimize esaslanyp, «2021-nji ýyly — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip, yglan etmek hakynda başlangyjy öňe sürdi. Onuň many-mazmuny BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň teklibi boýunça kabul edilen “2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” atly Kararnama laýyk gelýär. Bu taryhy Kararnamanyň kabul edilmegi eziz Watanymyzyň parahatçylyk söýüjilikli ynsanperwer syýasatynyň dünýäde dabaralanýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

 

Şäher Myradow, Baýramaly etrap prokurorynyň sülçüsi, 1-nji derejeli ýurist.