YKDYSADYÝETIMIZIŇ DÖWREBAP DEPGINLERI

16.11.2022

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Watanymyzda milli ykdysadyýetimiziň döwrebap depginini güýçlendirmek, ýokary maýa goýum işjeňligini üpjün etmek, ýurdumyzyň eksport kuwwatyny pugtalandyrmak babatda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Döwletimiziň ykdysadyýetiniň dürli pudaklaryna täze innowasion, şol sanda sanly tehnologiýalar ornaşdyrylýar. Internet hyzmatlarynyň hiliniň we ygtybarlylygynyň ýokarlandyrylmagy adamyň aň-bilim mümkinçilikleriniň doly derejede ulanylmagyny talap edýär. Amatlylyk, çaltlyk, tygşytlylyk ýaly düşünjeler bilen berk bagly bolan sanly ulgam adamzadyň ýaşaýşyny hakyky eşrete öwrüp bilýän güýje eýedir. Şoňa görä-de, döwletimizde sanly ulgamy ösdürmegiň esasy ugurlary kesgitlenildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen 2018-nji ýylyň 30-njy noýabrynda «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» tassyklanylmagy durmuşyň ähli ulgamlaryna sanly ulgamyň ornaşdyrylmagyna giň ýol açdy. Döwlet edaralarynda resmi web saýtlarynyň döredilmegi, adamlaryň internet ulgamy arkaly onlaýn görnüşde ýüz tutup bilmegi sanly ulgamy ösdürmek Konsepsiýasynyň batly depginlerde durmuşa geçirilýändigini subut edýär. Sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy bilen onuň hukuk binýady hem kämilleşdirilýär. «Türkmenistanda Internet torunyň ösüşini we internet hyzmatlaryny etmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakynda», «Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda», «Kiberhowpsuzlyk hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary sanly ulgamyň hukuk binýadyny düzýär.

Elbetde, sanly ulgamyň ösüşi internet bilen berk baglanyşyklydyr. Internet — bu maglumat kommunikasiýa ulgamy we maglumatlary saklamak we geçirmek üçin kompýuter ulgamlarynyň bütindünýä ulgamyna birikmegi bolup durýar. Öýjükli telefonlardan internete birikmek mümkinçiligi internetiň güýçli depginler bilen ýaýramagyna badalga berdi.

Ýurdumyzda internet ulgamy dünýä derejesi bilen aýakdaş barýar. Häzir teleýaýlymlar we radioýaýlymlaryň gepleşiklerini, hyzmatlar hem-de metbugat ulgamynyň mümkinçilikleriniň hemmesini internet arkaly peýdalanmak we ulanmak mümkin. Islendik raýatyň howa we demir ýollardaky gatnawlaryň ýol peteklerini onlaýn görnüşde almaga, degişli tölegleri we ýygymlary bank plastik kartyndan, öýjükli el telefonlaryndan geçirmäge, şeýle-de dürli hyzmatlary öýünden çykmazdan amala aşyrmaga mümkinçiligi bar.

Internetiň taryhy barada aýdanymyzda, onuň başdaky görnüşi häzirki ýaly atlandyrylmandyr. Ol ABŞ-da 1969-njy ýylda «Arpanet» ady bilen döredilýär. Ol diňe belli edaralaryň arasynda maglumat alyşmak üçin niýetlenilipdir. Wagtyň geçmegi bilen internetiň bu ulgamy kem-kemden kämilleşipdir. 1984-nji ýylda Amerikanyň Milli ylmy fondy «Arpanetiň» esasynda «Nsfnet» ulgamyny döredýär. Bu ulgam Amerikanyň hemme uniwersitetlerini we ylmy merkezlerini özüne birikdirýär. 1992-nji ýylda bolsa «Nsfnet» ulgamyna 7500 sany kiçi ulgam birikdirilýär. Şol ulgamlaryň 2500 sanysynyň ABŞ-nyň çäginden daşarda bolmagy bu ulgamyň ösüşini has hem çaltlandyrýar. Häzirki döwürde örän güýçli depginlerdäki ösüşleri we özgerişleri başyndan geçiren internetiň mümkinçiliklerinden peýdalanmak arkaly dürli hyzmatlar ýerine ýetirilýär. Şol hyzmatlaryň biri hem domen atlarydyr. «Türkmenistanda Internet torunyň ösüşini we internet hyzmatlaryny etmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 2-nji maddasynyň 3-nji bendinde «domen ady (domen) — tor salgylanmasy üçin bellige alnan nyşan belgisi» diýlip, domen atlaryna kesgitleme berilýär. Şeýle-de Kanunda domen atlarynyň birinji, ikinji we üçünji derejeleri barada hem düşünje berilýär. Domen ulgamy boýunça ýurdumyzda «Türkmendomen» hojalyk jemgyýeti hereket edýär.

Internet hyzmatlarynyň içinde köpçülik tarapyndan giňden ulanylýanlary elektron poçta (E-mail) ulgamy, IRC gullugy, World Wide Web hyzmatlarydyr. Elektron poçta ulgamy bir ýa-da birnäçe adamlaryň salgysyna hat, maglumat ugradyp, olar bilen habarlaşmaga mümkinçilik berýär. IRC gullugy bu internete hakyky wagtda gürleşmäge ýardam berýär (chat). World Wide Web (Bütindünýä kerebi) — gipertekst (gipermedia) ulgamy bolup, ol dürli set ulgamlarynyň ýeke-täk giňişlikde ýerleşmegi üçin niýetlenendir.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwletli Diýarymyzyň şan-şöhratyny dünýä ýaýýan, ýurdumyzy bedew batly täze ösüşlere besleýän hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden alkyş aýdýarys.

 

 

Ýakup AŞYROW, Daşoguz welaýatynyň harby prokurorynyň kömekçisi, 3-nji derejeli ýurist