01.03.2021
«Döwlet gullukçysynyň etikasy we gulluk özüni alyp barşy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny jemgyýetde durnuklylygy we howpsuzlygy ygtybarly üpjün etmekde, döwleti dolandyrmakda demokratik başlangyçlary, aýanlygy we gözegçiligi giňeltmekde, ilatyň döwlete we onuň düzüm gurluşlaryna bolan ynamyny berkitmekde, işini ýokary derejede bilýän hünärmenleri döwlet gullugyna girmäge höweslendirmekde, döwlet gullukçylarynyň halallygynyň kepilliklerini berkitmekde uly ähmiýete eýedir.
Döwlet gullukçysynyň etikasy we gulluk özüni alyp barşy hakynda kanunçylyk Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, şeýle hem jemgyýetiň we döwletiň umumy ykrar edilen ahlak ýörelgelerine we kadalaryna esaslanýar hem-de döwlet gullukçylarynyň eýeleýän wezipesine garamazdan, goldanmaly bolan gulluk, hünär etikasynyň umumy ýörelgeleriniň we özüni alyp barşyň esasy düzgünleriniň jemi bolan «Döwlet gullugy hakynda», «Korrupsiýa garşy hereket etmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryndan we gaýry kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybaratdyr.
Kanunyň maksatlary döwlet gullukçylarynyň hünär işlerini amala aşyrmaklary üçin olaryň umumy etiki kadalaryny we özüni alyp barşyň düzgünlerini bellemekden, şeýle hem döwlet gullukçysynyň abraýynyň, raýatlaryň döwlet edaralaryna ynamynyň pugtalandyrylmagyna ýardam etmekden we döwlet gullukçylarynyň özüni alyp barşynyň ahlak-kada esaslarynyň bitewüligini üpjün etmekden ybaratdyr. Bu kanun döwlet gullukçysynyň amala aşyrýan hünär işine ähli güýjüni, bilimini we tejribesini bagyşlamagyny, Watanyna, halkyna we Türkmenistanyň Prezidentine halal gulluk etmegini, şeýle hem wezipe borçlaryny ýerine ýetirmeginiň netijeliligini ýokarlandyrmagyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Şeýle hem kanun döwlet gullugy çygrynda ýokary ahlak ýörelgeleriniň emele getirilmegi, jemgyýetçilik aňynda döwlet gullugyna hormat bilen garalmagy üçin esas bolup durýar hem-de döwlet gullukçylarynyň jemgyýetçilik aňyny we ahlagyny, olaryň öz-özlerine gözegçilik etmeklerini üpjün edýär.
Her bir döwletiň kanunlarynda durmuşyň esasy meseleleri baradaky syýasaty beýan edilmek bilen, onda döwletiň häsiýeti ýüze çykýar. Ýokarda bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň kanunçylygynda bolsa döwletimiziň hukuk hem-de demokratik häsiýeti ýüze çykýar. Şol sebäpden hem kanunçylygymyzyň şunuň ýaly düýp mazmunyny raýatlarymyza düşündirmek, ony wagyz etmek biz — prokuratura işgärleriniň esasy borjumyz bolup durýar. Şu nukdaýnazardan ugur alyp, welaýat prokuraturasy tarapyndan welaýatyň edara-kärhanalarynda, guramalarynda, orta mekdeplerinde yzygiderli wagyz-nesihat çäreleri geçirilýär. Raýatlarymyzyň hukuk düşünjeliligini artdyrmakda, olaryň öz hukuklaryna we borçlaryna doly düşünmeklerini gazanmakda alyp barýan işlerimizi mundan beýläk-de güýçlendireris. Çünki hormatly Prezidentimiziň raýatlarymyzyň abadançylygy ugrunda edýän aladalary biziň üçin görelde alarlykdyr.
Bilbil SAPAROWA, Daşoguz welaýat prokurorynyň hukuk üpjünçiligi boýunça uly kömekçisiniň wezipesini ýerine ýetiriji, 1-nji derejeli ýurist.