GÖWÜN GANATLANDY, GÖZÜM NURLANDY

05.12.2022

Arkadagly Serdarymyzyň beýik tagallalary netijesinde Garasyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda ähli arzuwlarymyz hasyl bolýar. Gahryman Arkadagymyzyň çuň paýhasyň dürdäneleri jemlenen eserlerindäki halallyk, watansöýüjilik, ynsanperwerlik ýaly asylly ýörelgelerimiz biz, ýaşlary yhlasly zähmete, joşgunly döredijilige, zähmet ýeňişlerine ruhlandyrýar.

Alym Arkadagymyzyň parasatly başlangyçlary bilen «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşiniň kabul edilmegi ýaşlaryň Garaşsyz Watanymyzyň ykdysady, syýasy we medeni durmuşyna işjeň gatnaşmagyna we döredijilik mümkinçiliklerini açmaga amatly hukuk şertlerini döretdi.

Gahryman Arkadagymyzyň: «Zehinli adamlar Watanymyzyň ezizleridir. Zehini açmak bolsa eziz Diýarymyzda durmuşa geçirilýän döwletli işlerde birjik-de ünsden düşürilmeýän wezipedir» diýen ganatly nesihatlaryny yhlasly üstünliklere besleýän hormatly Prezidentimiziň döredip berýän ajaýyp mümkinçilikleri netijesinde birnäçe deň-duşlarym bilen birlikde maňa hem «Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi» diýen belent ada mynasyp bolmak bagty miýesser etdi.

Goý, ata Wata ny myz Türkmenistana baky bagty peşgeş beren Gahryman Arkadagymyzyň, döwletimizi ösüşleriň aýdyň ýollaryndan ynamly öňe alyp barýan hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Tutýan il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli işleri rowana ýollarda rowaçlyklara beslensin!

 

Mähri ŞAMURADOWA, Halaç etrabynyň prokurorynyň kömekçisi, 3-nji derejeli ýurist.