01.03.2021
Her ýyly özüne mynasyp şygar bilen gelýän Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ata Watanymyz Bitaraplygyň, parahatçylygyň, ynanyşmagyň mekanyna öwrülmek bilen halkara abraýy arşa çykýar. Hormatly Prezidentimiziň parahatçylykly ösüşlere esaslanýan parasatly içeri we daşary syýasaty Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşulmagyna kuwwatly itergi berýär. Şeýle ynamly gadamlarymyz üstümizdäki — Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda-da rowaçlanýar. Şanly ýylymyzyň ilkinji günlerinde gazanylýan üstünlikler, ýetilýän sepgitler Beýik Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň uly toýunyň dabarasyna alyp barýar.
Belent Serkerdebaşymyzyň başlangyçlary bilen demokratik, hukuk döwleti bolan Türkmenistanymyzyň milli kanunçylygyny kämilleşdirmäge gönükdirilen tutumly işler giň gerime eýe bolýar. Milli Liderimiz tarapyndan kabul edilýän ajap eýýamymyzyň kämil kanunlary ýurdumyzda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleriň üstünliklere beslenmegine mümkinçilikleri açýar. Ykdysady ösüş-özgerişler hukuk döwletiniň, raýat jemgyýetiniň pugtalandyrylmagy bilen utgaşdyrylýar. Bu ýörelge bolsa bagtly geljegimiziň aýdyň ýoludyr.
Hurma ÖWÜLÝÄGULYÝEWA.
Baýramaly etrap prokurorynyň kömekçisi, 2-nji derejeli ýurist.