ÝURT ABADANÇYLYGYNYŇ GORAGYNDA

20.12.2022

Hormatly Prezidentimiziň badalga beren Berkarar döwletiň taze eýýamynyň Galkynyşy döwründe beýik özgertmeleriň, ösüşleriň ýoly bilen öňe barýan ata Watanymyz şan-şöhrata beslenen taryhy döwri başdan geçirdr. Her ýylymyz dal, eýsem, her günümiz il-ýurt bahbitli düýpli özgertmelere, asylly işlere utgaşyp, şanly wakalara beslenýär. Bu tutumly özgerişliklerden ruhlanýan ildeşlerimiz eziz Watanymyzyň ösüşne, asuda, abadan durmuşymyzyň gün-günden gowulanyşyna guwanyp ýaşaýarlar, ata-babalarymyzyň mukaddes ýörelgelerine eýerip, döwletimiziň mundan beýk-de gülläp ösmegi ugrunda yhlasly hmet çekýärler.

Hazirki döwürde ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn ösmeginde, ähli ugurlar boýunça belent derejelere ýetmeginde öňde durýan wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagy möhüm talap bolup durýar. Bu bolsa ähli ulgamlar bilen bir hatarda, prokuratura edaralarynyň işgärlerini kanunlaryň hökmürowanlygyny üpjün etmek ugrunda has yhlasly we tutanýerli işlemäge borçly edýär. Şundan ugur alyp. prokuratura edaralarynyň işgärleri hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryna laýyklykda Garaşsyz we hemişelik Bitarap döwletimizde kanunlaryň ýerine ýetirilişine gözegçiligi amala aşyrmak bilen, kanunyň ähli zatdan ýokary tutulmagyny üpjün edýarler we öz öňlerinde goýlan wezipeleri gyşarnyksyz ýerine ýetirip. ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmäge, raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga, mahriban halkymyzyň asuda we bagtyýar durmuşda ýaşamagyna gönükdirilen tutumly maksatnamalaryh üstünlikli durmuşa geçirilmegine öz mynasyp goşantlaryny goşýarlar.

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde ýurdumyzyň prokuratura edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň ýyl-ýyldan pugtalandyrylmagy. işgärleriň we olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň has-da gowulandyrylmagy hem-de durmuş goraglylygynyň yzygiderli üpjün edilmegi gullugyň işgärlerini Berkarar Watanymyzda kanunlaryň ýerine ýetirilişine prokuror gözegçiligini güýçlendirip. öz gulluk borçlaryny ussatlyk bilen berjaý etmeklige, päk ýürekli, merdana ata-babalarymyzyň adalatlylyk we ynsanperwerlik ýörelgelerine eýerip. eýeleýän wezipesine mynasyp bolmaklaryna borçlandyrýar. Biz prokuratura edaralarynyň döwrebap, kämil tehnikalar we enjamlar bilen üpjün edilýändigi. işgärler üçin ähli şertleri göz öňünde tutulan edara binalarynyň, döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň gurlup, ulanmaga berilýändigi üçin Arkadagly Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys. Mähriban halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy. güneşli Diýarymyzyň hemmetaraplaýyn güllap ösmegi ugrunda güýç-gaýratymyzy gaýgyrman. tutanýerli işlejekdigimize ynandyrýarys.

 

Şirguly ŞIRKULYÝEW, Saýat etrap prokurorynyň kömekfisi, 3-nji derejeli ýurist