HUKUKÇYNYŇ HÜNÄR ETIKASY

24.12.2022

2016-njy ýylyň martynda Gahryman Arkadagymyzyň parasatly tagallalary esasynda «Döwlet gullukçysynyň etikasy we gulluk özüni alyp barşy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi bilen, döwlet gullukçysynyň ahlak keşbine we işewür sypatlaryna bildirilýän talaplaryň we döwlet gullukçysynyň hünär işini mynasyp amala aşyrmagy üçin onuň umumy etiki kadalarynyň we özüni alyp baryş düzgünleriniň hukuk esaslary kesgitlenildi.

Hünär, gulluk etikasy bilen bagly düzgünler we meseleler hukukçynyň raýatlar, şeýle hem onuň hünär işi bilen bagly beýleki gatnaşyjylar, işdeşleri, döwlet edaralary, umuman, jemgyýet bilen aragatnaşygynyň özeni bolup durýar. Döwletimizde kabul edilýän kanunçylygyň has-da ynsanperwerleşýändigini göz öňünde tutup, öz hünäriniň, gullugynyň ahlak ýörelgelerini öwrenmek her bir hukukçy üçin möhümdir. Sebäbi hukukçylar tarapyndan kabul edilýän kararlar diňe bir kanuny bolman, eýsem, adalatly bolmalydyr. Hukukçy ahlagyň esasyny düzýän adalat we borç, ýagşylyk, päk ynsaplylyk, abraý we mertebe düşünjelerine dogry düşünip, öz iş tejribesinde giňden peýdalanmalydyr.

Döwlet gullukçysy özüniň gönüden-göni alyp barýan işinde ýa-da jemgyýetçilik işinde adamlaryň ykbaly bilen bagly meseleleri çözende, köp sanly gapma-garşylyklara duş gelip, bu babatda jogapkärçilikli kararlary kabul etmeli bolýar. Şeýle ýagdaýlarda ol, döwletiň hem-de raýatlaryň öňündäki jogapkärçiligine doly we dogry düşünip, ynsaplylyk, adalatlylyk duýgusy bilen işini ýokary derejede ýerine ýetirmelidir. Çünki döwlet gullukçysy halkyň döwlete bolan mizemez ynamynyň kepilidir.

Ýokardaky ýagdaýlar göz öňünde tutulyp, hukuk goraýjy edaralaryň işgärlerine Türkmenistanyň Prezidentine, Watana, halka wepalylyk, jemgyýetde agzybirligi, jebisligi, durnuklylygy gorap saklamak, halal işlemek, syýasy, hukuk we ahlak medeniýetiniň ýokary derejesini saklamak, raýatlara, olaryň hukuklaryna we azatlyklaryna hormat bilen garamak we beýleki talaplar bildirilýär.

Olar özüniň gulluk we wezipe borçlaryny ýerine ýetirenlerinde, raýatlar bilen haýsy millete degişlidiginiň, teniniň reňkiniň, jynsynyň, gelip çykyşynyň, emläk hem wezipe ýagdaýynyň, ýaşaýan ýeriniň, diliniň, dini garaýşynyň, syýasy ygtykadynyň, haýsy partiýa degişlidiginiň ýa-da hiç partiýa degişli däldiginiň alamatlary boýunça islendik görnüşli pikir aýtmalardan we kemsitme häsiýetli hereketlerden saklanmalydyr. Şeýle-de raýatlar we işdeşleri bilen gürrüňdeşlikde sypaýçylykly, hoşniýetli, mylakatly we ünsli bolmalydyrlar.

Iş wagtyndan daşary hem salyhatly bolup, umumy kabul edilen ahlak-etiki kadalary berjaý etmelidirler, raýatlara hormat goýmalydyrlar. Gulluk ýagdaýyndan şahsy bähbitlerini peýdalanmaly däldirler.

Goý, ýurdumyzyň kanunçylygynyň kämil bolmagy ugrunda bimöçber işleri durmuşa geçirýän Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak, tutýan tutumlary rowaç bolsun!

 

Gunça DURDYÝEWA, Daşoguz welaýatynyň prokuraturasynyň guramaçylyk işi ýerine ýetirişe gözegçilik we hasaplaýyş bölüminiň müdiriniň wezipesini ýerine ýetiriji, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi.