01.03.2021
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz jemgyýetimizde düýpli özgertmelere badalga bermek bilen, bir wagtda neşekeşlige garşy barlyşyksyz göreş yglan etdi. Sebäbi jemgyýetimizde ähli ugurlar boýunça düýpli özgertmeler durmuşa geçirilýän döwründe neşekeşlige, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna jemgyýetimizde orun bolup biljek däldi. Şonuň üçinem döwlet Baştutanymyzyň ýadawsyz aladasy bilen neşe belasynyň düýpli pese gaçmagy il-günümizde hoşallyk we ruhubelentlik döretdi. Iňňän derwaýys meselede gazanylan üstünlik ösüş-özgerişli ýolumyzyň rowaçlanmagyna itergi berdi.
Ýurdumyzda sagdyn durmuşyň dabaralanmagynda gadamlarymyzyň batlanýan döwründe neşekeşligiň, neşeleriň bikanun söwdasynyň jemgyýetimiziň durmuşyndan ýok bolup gitmegini gazanmak wajyp wezipe bolup durýar. Bu meseläniň oňyn çözgüdi belli bir derejede düşündiriş-öňüni alyş işiniň talaba laýyk ýola goýulmagyna baglydyr.
Maksat ATADURDYÝEW, Ýolöten etrap prokuraturasynyň uly sülçüsi, 2-nji derejeli ýurist.