04.01.2023
Raýatlaryň zähmet çekmäge bolan hukugyny, şol sanda olaryň kärini, edýän işini we iş ýerini saýlamaga, zähmetiň sagdyn we howpsuz şertlerine işsizlikden goramaga bolan hukugyny hem goşmak bilen, Türkmenistanyň Konstitusiýasy tarapyndan kepillendirilýär. Düýp manysy boýunça Türkmenistanyň zähmet kanunçylygynyň maksatlary raýatlaryň zähmet hukuklarynyň döwlet kepillendirmelerini bellemekden, zähmetiň amatly şertlerini döretmekden, işgärleriň we iş berijileriň hukuklaryny we bähbitlerini goramakdan ybaratdyr.
Türkmenistanyň Zähmet kodeksine laýyklykda, her bir raýata öndürijilikli we döredijilikli zähmete bolan öz başarnyklaryna ygtyýar etmekde we Türkmenistanyň kanunçylygynda gadagan edilmedik islendik işi amala aşyrmakda aýratyn hukuk degişlidir. Döwletimiz tarapyndan raýatlaryň zähmet hukuklarynyň gorag esaslarynyň şeýle kämilleşdirilmegi internet telekeçiliginiň dürli görnüşleriniň artmagyna, onlaýn söwdalarynyň ýola goýulmagyna, daşary ýurtlar bilen söwda dolanyşygynyň artmagyna, netijede, raýatlarymyzyň hal-ýagdaýynyň ýokarlandyrylmagyna ýardam berýär.
Milli kanunlarymyzyň talaplaryna laýyklykda, döwletimizde her bir raýatyň iş berijä göni ýüz tutmak arkaly ýa-da iş bilen üpjün ediji döwlet edaralary arkaly iş ýerini erkin saýlamaga hukugy bardyr. Bu bolsa her bir raýata erkin işe ýerleşmäge, eger ýerleşip bilmedik ýagdaýynda döwletimiziň iş bilen üpjün ediji edaralaryndan kömek almaga hukuk döredýär. Watanymyzyň dürli ulgamlarynda zähmet çekýän zähmetkeşler, işgärler üçin zähmet hukuklarynyň we kepillendirmeleriniň, zähmet haklarynyň iň az derejesiniň kanunlar arkaly bellenilmegi hem döwletimiziň adam hakyndaky aladany ilkinji nobatda goýýandygynyň şaýady bolup durýar.
Garaşsyz, baky Bitarap döwletimizde hereket edýän iş bilen üpjün ediji döwlet edaralary amatly işi seçip almakda we işe ýerleşmekde ilata tölegsiz kömek berýärler. Türkmenistanyň Zähmet kodeksinde bellenilen ýagdaýlarda taraplaryň erkine bagly bolmadyk ýagdaýlaryň ýüze çykmagy sebäpli işgär zähmet borçlaryny ýerine ýetirip bilmedik halatynda, onuň zähmet borçlaryny ýerine ýetirip bilmedik döwründe zähmet gatnaşyklary dowam etdirilen hasap edilýär. Şeýle ýagdaýlarda zähmet hakynyň we beýleki tölegleriň tölenilmegi Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.
Bulardan başga-da, milli kanunçylygymyzdaky zähmet gatnaşyklaryna goýlan çäklendirmeler hem ilkinji nobatda adamlaryň, zähmetkeşleriň bähbitlerine gönükdirilendir. Ýagny, mejbury ýa-da hökmany zähmetiň gadaganlygy, zähmet gatnaşyklarynda hukuk kemsidilmesiniň dürli görnüşleriniň gadagan edilmegi we beýleki çäklendirmeler, belläp geçişimiz ýaly, ýurdumyzda adamlaryň bähbidiniň ähli zatdan ýokarda durýandygyna şaýatlyk edýär.
Umuman alnanda, milli kanunçylygymyzda adamlaryň bellenilen tertipde we şertlerde zähmet şertnamasyny baglaşmaga, ony üýtgetmäge we ýatyrmaga, zähmet şertnamasynda şertlendirilen işiň özüne berilmegine we beýleki şertlere hukuklary berkidilendir.
Päk zähmete «Çekseň zähmet, ýagar rehnet» diýip baha berýän halkymyz müň keren mamla. Sebäbi Gahryman Arkadagymyzyň göreldesi netijesinde emele gelen we hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen dowam etdirilýän ýurdumyzyň zähmet syýasatynda halal işleýän ähli raýatlarymyza döwletimiz tarapyndan ählitaraplaýyn kepillendirmeler, ýeňillikler, hemaýatlar edilýär.
Goý, Arkadagly Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun!
Bibigül ÝAGŞYMÄDOWA, Daşoguz şäher prokurorynyň kömekçisi, 1-nji derejeli ýurist.