YSNYŞYKLY GATNAŞYK—BAGTYŇ KEPILI

11.01.2023

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe jemgyýetimiziň jebisligi, mäkämligi, ilkinji nobatda, maşgalalarymyzyň agzybirliginden gözbaş alýar. Munuň üçin bolsa, är-aýalyň maşgalada özleriniň hukuklaryna we borçlaryna deň derejede düşünmekleri, olary talabalaýyk berjaý edip, agzybirlikli ýaşamaklary derwaýysdyr. Şeýle gatnaşyklaryň kämil kanunçylygy Türkmenistanyň Maşgala kodeksinde kesgitlenendir. Maşgala kodeksinde bellenilişi ýaly, är-aýalyň özara agzybirlikli we ysnyşykly gatnaşygy çagalaryň döwrebap ösüp-ulalmaklarynyň, terbiýelenmekleriniň kepili bolup durýar. Şeýle hem är-aýalyň agzybirligi beýleki garyndaşlar bilenem mähirli gatnaşyklara ýol açýar.

Maşgala kodeksinde kesgitlenen kanunçylyk kadalary maşgala mukaddesligini aýawly gorap saklamaga we berkitmäge gönükdirilip, şonuň esasynda maşgalada terbiýelenýän çagalaryň bagtly ýaşamaklaryny üpjün etmekden ybaratdyr. Durmuş tejribesinden görnüşi ýaly, maşgalalarymyzyň mukaddesliginiň özenini onuň agzalarynyň her biriniň öz ornunyna düşünip, agzybirlikde ýaşamaklary düzýär. Är-aýalyň mähirli gatnaşyklary çagalaryň bagtyýarlykda terbiýelenmeklerine getirýär. Beýleki garyndaşlar bilen ylalaşykly gatnaşyklary berkidýär. Biz raýatlar bilen geçirýän wagyz-nesihat çärelerimizde ýokarda ýatlanlarymyz barada giňişleýin gürrüň berýäris.

 

Eziz GYZYLOW, Murgap etrap prokurorynyň tälim alyjy kömekçisi.