SAGDYN DURMUŞ ÝÖRELGESINE EÝERIP

14.01.2023

Ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgesine eýerýän kämil jemgyýeti kemala getirmek, şeýle-de möwsümleýin keselleriň öňüni almak boýunça düşündiriş ähmiýetli wagyz-nesihat işleriniň gerimini has-da giňeltmek maksady bilen, Babadaýhan etrabynyň Babadaýhan şäher geňeşliginiň mejlisler jaýynda «Sagdyn jemgyýet — berkarar döwlet» atly duşuşyk geçirildi. Duşuşyga TMÝG-niň Babadaýhan etrap geňeşiniň, etrap häkimliginiň, etrap polisiýa bölüminiň, etrap bilim bölüminiň, etrap hassahanasynyň we etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Onda çykyş edenler häzirki gyş paslynyň howa ýagdaýlarynda möwsümleýin döräp biläýjek keselleriň öňüni almak maksady bilen, sport maşklaryny ýerine ýetirmegiň we saglyga peýdaly gök önümleri iýmegiň wajyplygy barada gürrüň berdiler.

Şeýle-de duşuşygyň dowamynda çykyş edenler ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerýän jemgyýeti kemala getirmek, raýatlarymyzyň berk bedenli we sagdyn ruhly bolup ýetişmeklerini gazanmak ugrunda taýsyz tagallalar edýän hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyklaryny bildirdiler.

 

Merjen POSYKOWA, Babadaýhan etrabynyň prokurorynyň kömekçisi, 3-nji derejeli ýurist