ÝYLYMYZYŇ ŞYGARY GELJEGIMIZIŇ ÇYRAGY

17.01.2023

Ajaýyp zamanamyzda asylly däbe görä, her bir ýylyň özüne mahsus şygar bilen atlandyrylmagy halkymyzyň ruhuny belende galdyryp, öňde duran möhüm wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagyna ugrukdyrýan ýol görkeziji şamçyrag bolup hyzmat edýär. Halkymyzdan gelip gowşan köp sanly teklipleriň esasynda 2023-nji ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip atlandyrylmagy buýsanjymyzy artdyrdy.

Ýylymyzyň şygary hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan beýik işleriniň, şu günki hem-de geljek nesilleriň abadan we ösüşlerden doly nurana geljegini üpjün etmek ugrundaky taýsyz tagallalarynyň halkymyz tarapyndan ykrar edilmeginiň aýdyň subutnamasy boldy. Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwerlik ýörelgelerine ýugrulan döwlet syýasaty hormatly Prezidentimiziň: «Watan diňe halky bilen Watandyr!» diýen çuň manyly sözlerinde beýan edişi ýaly, bu günki gün mynasyp dowam etdirilýär.

Ýylymyzyň şygarynyň bagtyýar ýaşlar bilen baglanyşdyrylmagynyň örän uly manysy bar. Ýaşlar döwrümizi täze-täze belentliklere ýetirmegiň arzuwynda ýaşaýarlar. Olarda öz maksatlaryna ýetmäge, döwrebap bilim almaga, işlemäge, döretmäge, dürli ugurlarda ýurdumyz üçin bähbitli hyzmatdaşlygy amala aşyrmaga ukyp-başarnyk ýeterlik. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň batly ösüşlerini üstünlikli dowam etdirmek üçin döredilen binýat berk, ýollar giň we açyk. Biri-birinden zyýada gelýän ýyllarymyz, ajaýyp zamanamyz jemgyýetde her birimiziň öz mynasyp ornumyzy tapmak, ygtybarly geljegimizi üpjün etmek üçin ajaýyp mümkinçilikleri açýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri beýik işleriň, ajaýyp başlangyçlaryň döwri. Her bir raýatyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy ýurdumyzda alnyp barylýan syýasatyň düýp özeni. Ýylymyzyň şygaryny ýoluna şamçyrag eden ildeşlerimiziň her biri häzirki günlerde Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän düýpli özgertmelere, ata Watanymyzyň abadançylygynyň, il-günümiziň bagtyýarlygynyň, dünýäde parahatçylygyň bähbidine gönükdirilen asylly işlere saldamly goşant goşmak ugrunda täze zähmet üstünliklerine galkynýar.

Ata Watana hyzmat etmek, Watan gullugyna mynasyp bolmak her bir ynsanyň jana-jan borjy. Biziň her birimiz eziz Diýarymyza bolan buýsanjymyzy, söýgimizi päk zähmetimiz we duýgy-düşünjämiz bilen beýan edýäris. Watançylyk ýaly beýik duýgy adamy gowy işleri amala aşyrmaga ruhlandyrýar. Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda alnyp barylýan beýik işlere watançylygyň kämil mekdebini geçen nesiller mynasyp goşant goşýarlar.

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly mähriban halkymyzyň uly üstünlikleri gazanjak, berkarar döwletimiziň halkara abraýynyň has-da belende göteriljek ýyly bolar. Halkymyz hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän beýik işlerini, nurana geljegimize gönükdirilen döwletlilik ýörelgelerini tüýs ýürekden goldaýar. Ýer ýüzünde parahatçylygy, dost-doganlygy, özara ynanyşmagy berkitmäge, Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzy täze belentliklere ýetirmäge gönükdirilen syýasaty alyp barýan hormatly Prezidentimiziň beýik başlangyçlarynyň,tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini, janynyň sag, ömrüniň uzak, mertebesiniň belent bolmagyny arzuw edýäris.

 

Didar AŞYROW, Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň prokurorynyň tälim alyjy kömekçisi.