MAŞGALA MUKADDESLIGI

20.01.2023

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda her bir maşgalanyň berk, kämil bolmagy we abadan, bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin ähli şertler döredilýär. Bu ugurda toplumlaýyn çäreler yzygiderli durmuşa geçirilýär.

Ýurdumyzda maşgalany goramak we ony goldamak döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Hut şu nukdaýnazardan, ýurdumyzda maşgala gatnaşyklaryny we maşgalada çaga terbiýesi baradaky kadalary düzgünleşdirýän kanunçylyk namalarynyň döwrüň talabyna görä kämil we halkara hukuk kadalaryna laýyk bolmagy üçin netijeli işler amala aşyrylýar.

Maşgala — adamzadyň hojalyk döretmeginiň, öz durmuşyny ýöretmeginiň, çaga terbiýelemegiň esasy binýady bolup durýar. Türkmen maşgalasy edebiň, terbiýäniň öýi hasaplanylýar. Nikadan, garyndaşlygyndan, ogullyga ýa-da gyzlyga almagyndan (perzentlige almak) ýa-da çagalaryň maşgala kabul edilmeginiň başga görnüşinden gelip çykýan şahsy emläk däl we emläk hukuklary hem-de borçlary bilen baglanyşykly şahslaryň topary maşgala diýlip hasap edilýär. Türkmeniň maşgala terbiýesiniň gözbaşynda ata-babalarymyzdan galan asylly däp-dessurlar, edim-gylymlar, ýörelgeler bar.

Maşgala türkmen jemgyýetiniň özeni bolup durýar. Ol jemgyýetde ilkinji we esasy guramadyr. Onda gatnaşyklaryň köp ugurly görnüşleri kemala gelýär we dürli meseleler çözülýär. Her bir maşgala maddy we ruhy taýdan üpjün ýurdumyzyň mynasyp raýatlaryny terbiýeläp ýetişdirmek üçin özbaşdak we jogapkär bolmalydyr. Maşgala näçe berk boldugyça, jemgyýet şonça-da hemmetaraplaýyn baý bolýar.

2012-nji ýylyň 10-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Maşgala kodeksi kabul edildi. Kodeksiň kabul edilmegi ýurdumyzyň durmuşy üçin örän möhüm wakadyr. Kodekse «Nika kontrakty (şertnamasy)», «Çaganyň hukuklary», «Ata-eneleriň hossarlygyndan galan çagalary ýüze çykarmak we ýerleşdirmek», «Ata-eneleriň howandarlygyndan galan çagalaryň merkezleşdirilen hasaby», «Aliment tölemek hakynda şertnama» atly täze düzgünli baplar girizildi we Türkmenistanda nika ýaşy oglanlar we gyzlar üçin 18 ýaş diýlip bellenildi.

Maşgala çagalara ilkinji zähmet terbiýesini bermäge halypa-şägirtlik ýolunyň ýöredilmegine uly ýardam edipdir. Halypalara, hünär ussatlaryna hormat goýmak, olary hemişe nusga edinmek ata-babalarymyzdan bize miras galan asylly däpdir. Berkarar döwletimizde ýaş maşgala bolmak, täze maşgala gurmak, ojak eýesi, ene-ata bolmak, nesil öndürmek, ýaş çagany terbiýelemek ýaly mukaddes gymmatlyklaryň ösmegine, örňemegine giň mümkinçilikler döredildi.

Halkymyzy eşretli durmuşa ýetiren, ata Watany Gün kibi çoýýan, her bir türkmen ojagynyň gülläp ösmegi ugrunda taýsyz tagallalar edýän hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun.

 

Gunça MEŞŞEWA, Lebap welaýat prokurorynyň hukuk üpjünçiligi boýunça uly kömekçisi, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi.