NESILLERIMIZIŇ WATANÇYLYK TERBIÝESI

30.01.2023

Ata-babalarymyz ýaş nesli arassa ahlaklylyk, watansöýüjilik, ynsanperwerlik, ruhubelentlik ýaly asylly ýörelgeler esasynda terbiýeläpdirler. Hut şoňa görä-de, halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda kämilleşip gelýän nusgawy terbiýeçilik mekdebi bar. Häzirki ajaýyp zamanamyzda biz terbiýeçilik işinde asyrlaryň dowamynda synagdan geçen kämil milli ýörelgelerimizden ugur alyp, dünýäniň iň öňdebaryjy tejribelerini utgaşykly ulanmak bilen, nesillerimiziň bilimli, ylymly, parahatçylyga, agzybirlige, dost-doganlyga uly hormat goýýan adamlar bolup ýetişmegine aýratyn ähmiýet berýäris.

Elbetde, ýaş nesle aýratyn üns bermek, olara söýgi bilen garap, öňde goýan maksatlaryna ýardam bermek, ýaşlaryň hakyky watançylar bolup ýetişmegini gazanmak asyrlaryň dowamynda türkmen halkynyň kämilleşdirip gelen ruhy gymmatlygydyr. Taryhda ata-babalarymyz hem Watany mertlerçe döş gerip gorapdyrlar. Mukaddes Watanyň hyzmatyna dahylly bolmak, mynasyp goşandyňy goşmak her bir ynsan üçin uly bagt hem mertebe. Watany söýýän, oňa buýsanýan, ýaşlary terbiýelemekde adamzat ýaşaýşynyň döreýşini, jemgyýetçilik gurluşyny, gatnaşyklaryny öwredýän taryh ylmy örän uly orun eýeleýär.

Ynha, Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň ölmez-ýitmezligi hem ynsan mertebesine akyl ýetirmegi, olar bilen öz ykbalyny baglanlygyndadyr. Şahyr zamanasynyň jemgyýetçilik-durmuş ýagdaýyny dogruçyl beýan edipdir. Öz döwrüniň merdana ýigitlerine guwanyp ýazan şygyrlarynyň birinde:

Namysly, gaýratly, arly goç ýigit,

Söweş güni gurban eder başyny —

diýmek bilen, Watan üçin janyny orta goýmaga taýýar goç ýigitlere guwanjyny beýan edýär. Ykbalyny halkynyň ykbalyna baglan şahyr il-günüň ajap durmuşda ýaşamagyny arzuwlapdyr.

Edebi miraslarymyz bolan «Gorkut ata», «Görogly» eposlarynyň üsti bilen öňe sürülýän watansöýüjilik pikiri, parçalary okamak arkaly esgerleriň arasynda eserler barada gürrüňdeşlikleri geçirmek hem olaryň watançylyk duýgularynyň ýokarlanmagyna itergi berýär. Gahryman Arkadagymyzyň türkmen halkyna peşgeş beren her bir eserinde watansöýüjilik, mertlik, batyrgaýlyk, gaýduwsyzlyk häsiýetleri eriş-argaç bolup geçýär.

Şu ýerde watançylyk, wagyz-nesihat mowzugynda terbiýeçilik ähmiýetli hormatly Prezidentimiziň garry atasy Berdimuhamet Annaýewiň ömri, durmuşy barada Gahryman Arkadagymyzyň ýazan «Älem içre at gezer», şeýle-de kakasy Mälikguly aganyň 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşuna gabat gelen çagalyk ýyllaryny açyp görkezýän «Döwlet guşy» eserleriniň ähmiýeti barada aýratyn belläp geçsek, ýerlikli bolardy. Gahryman Arkadagymyzyň ötgür galamynyň önümi bolan ylmy we edebi eserleri Watany, halky söýmegi öwredýän egsilmez çeşme bolmak bilen, her bir terbiýeçi üçin hem bahasyna ýetip bolmajak gollanmadyr. Mugallym, esger, ilhalar ynsan Berdimuhamet aganyň görüm-göreldesi, iň soňky deminde-de halkyň aladasy bilen bolmagy, Anna agadyr Berdimuhamet mugallymyň, Mälikguly Berdimuhamedowyň keşplerinde Watan diýen düşünje örän beýikde goýulýar. Muňa «Döwlet guşy» romanynda Mälikguly aganyň Watana bolan söýgüsiniň, synmaz yhlasynyň çeper beýan edilişinde hem görmek bolýar.

Mälikguly Berdimuhamedowyň şol kynçylykly ýyllarda ýazan goşgularynda Watana bolan çuňňur söýgi aýdyň teswirlenýär. Bu goşgularyň häzirki zamanamyzda hem öz ähmiýetini ýitirmän, gaýta, barha öwşün atmagy guwandyryjydyr, Watan mukaddesliginiň goragyna çagyryşdyr. Taryh merdana ogullary, watanperwer nesilleri bilen beýgelýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halky öz taryhyny has içgin öwrenmäge giň mümkinçilik aldy. Ýaşlary Watana, halka, döwlet Baştutanymyza wepalylyk ruhunda terbiýelemekde olar bilen geçirilýän dürli çäreleri ýerlikli peýdalanmak oňat netijeleri berýär. Şeýle maksatlar bilen guralýan bäsleşikler, sport ýaryşlary ýaşlara watançylyk terbiýesini bermekde esasy serişdeler bolup hyzmat edýär. Sport bilen meşgullanmak ýaşlaryň bedenini berkidýär, saglygyny gowulandyrýar. Beden taýdan sagdyn ýaşlar bolsa, biziň milli goşunlarymyzda gulluk etmäge taýýar bolýar.

Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden, döwet galamynyň astyndan çykýan eserleri milli edebiýatymyzy baýlaşdyrmak bilen birlikde, Watana bolan söýgiňi hem çuňlaşdyrýar. Ýaşlary terbiýelemekde, olarda Watany söýmegiň kämil nusgasyny döretmekde her bir ynsana ýol-ýörelge bolup hyzmat edýär. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň şeýle kitaplarynyň höwri köp bolsun! Arkadagly Serdarymyzyň saýasynda Watanyň geljegi bolan ýaşlaryň gujury bilen ýurdumyzyň abraýy has-da belende galsyn!

 

Jennet ARAZOWA, Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň Baş müdirliginiň hukuk üpjünçiligi bölüminiň müdiriniň wezipesini ýerine ýetiriji, 1-nji derejeli ýurist.