DÖWLETLI DÖWRANYMYZ BAR

06.02.2023

Berkarar Watanymyzda her bir ýyl taryh sahypalaryna altyn harplar bilen ýazylýar. Şan-şöhrata beslenip geçen, 2022-nji ýyl — «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýyly hem ajaýyp wakalary, belent üstünlikleri bilen ýatda galyp, täze taryhymyzyň şöhratly sahypalarynyň üstüni ýetirdi.

Geçen şanly ýylda Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy, hemişelik Bitaraplygynyň 27 ýyllyk toýy joşgunly dabaralara beslenip, giňden bellenildi. Bu seneler ene topragymyza, ata Watanymyza bolan söýgimiziň we asyrlaryň dowamynda kämilleşdirilip gelnen ýörelgelerimiziň dabaralanmasynyň baýramydyr, ata-babalarymyzyň arzuwlary siňen mukaddes toýlardyr. Şoňa görä-de, her birimiziň durmuşymyzda, ykbalymyzda iňňän uly ähmiýete we mana eýe bolan bu seneler «Halkyň Arkadagly zamanasy» şygary astynda geçen şanly ýylymyzyň döredijilik ruhuny has-da belende göterdi.

Geçen, 2022-nji ýylda daşary syýasatda-da uly üstünlikler gazanylyp, Watanymyzyň şan-şöhraty arşa göterildi, halkara derejesindäki ajaýyp başlangyçlary gyzgyn goldawa eýe boldy. Şanly ýylyň ahyrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 77-njisessiýasynyň45-nji plenar mejlisinde Türkmenistan tarapyndan öňe sürlen «2023-nji ýyl — Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi hem munuň subutnamasyna öwrüldi. Watanymyzyň arşa göterilýän şan-şöhraty beýik döwrümize bolan buýsanjymyzy goşalandyrýar. Gadam basylan «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» şygary astynda geçýän şanly ýylyň hem ulus-ilimiz, bagtyýar halkymyz üçin rowaçly ýyllaryň birine öwrüljekdigine ynanýarys.

 

  Sylapberdi KAKAJANOW, Gökdepe etrabynyň prokurorynyň tälim alyjy uly kömekçisi.