Döwre buýsanç- zähmete hujuw

06.03.2021

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli Liderimiziň baştutanlygynda ähli ulgamlar sazlaşykly, berk binýatly we oýlanyşykly özgertmeli usullar arkaly kämilleşdirilýär. Ýurdumyzyň islendik pudagynda dünýä tejribesiniň iň soňky gazanan enjamlaryny, tehnologiýalaryny görmek bolýar. Mekdebe çenli çagalar edaralarynda hem çagalary terbiýelemegiň çäklerinde kiçi ýaşly çagalara sowat öwretmek işleri, dil bilimi boýunça ýörite sapaklaryň guralmagy, olaryň mekdebe ykjam taýýarlykly barmagyny üpjün edýär. Bilim ulgamyny kämilleşdirmek işleriniň çäklerinde çagalara, mekdep okuwçylaryna okatmagyň häzirki zaman usullary, inter aktiw tagtalar, kompýuterler, netbuk ýaly kompýuterleşdirilen abzallardan peýdalanmagyň elýeterli bolmagy olaryň dünýägaraýşynyň giň, aň taýdan ösen ýaşlar bolup kemala gelmekleri üçin döredilýän ajaýyp şertlerdir.

Ýaş nesilleriň Watana gerekli ýaşlar bolup ýetişmegi üçin ähli şertleri döredip  berýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, mertebesi belent bolsun.

 

Gülsere KERIMOWA, Lebap welaýatynyň prokurorynyň hasaplaýyş we seljeriş boýunça uly kömekçisi, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi.