WATAN GORAGÇYLARYNA SARPA

09.02.2023

Her ýylyň 27-nji ýanwarynda ýurdumyzda Watan goragçylarynyň güni giňden bellenilip geçilýär. Bu sene ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylary hem-de işgärleri üçin uly mana eýedir.

Watan mukaddesdir. Watany goramak, oňa gulluk we hyzmat etmek hem mukaddesdir. Bu ýörelgelere ygrarly bolan ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň merdana harby gullukçylarydyr işgärleri berkarar Watanymyzyň gazanýan üstünlikierine.ýurdumyzyň goranmak kuwwatynyň, hukuk tertibiniň pugtalandyrylmagyna mynasyp goşandyny goşýar.

Milli Liderimiziň jöwher paýhasyndan dörän gymmatly kitapiary harby we ýurdumyzyň hukuk goraýjy edaralarynyň işgärleri üçin her bir ädimde ýol-ýörelge bolup hyzmat edýär. Gahryman Arkadagymyzyň «Mertler Watany beýgeldýär» atly kitabyndaky: «Eziz Watanymyz — elýetmez baýlygymyz. Biz Watanymyzy başymyza täç edýäris» diýen pähimi Watan mukaddesliginiň iň ýokary orunda durýandygyny görkezýär. Milli Liderimiziň bu gyzyldan gymmatly jümlesi, watansöýüjilige ýugrulan öwüt-ündewleri Watanymyza, mähriban halkymyza päk ýürekden gulluk etmegi özleri üçin mukaddes borç, belent mertebe hasaplaýan harby we hukuk goraýjy edaralarynyň işgärleriniň watançylyk ruhuny belende göterýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watan goragçylarynyň we olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş, gulluk we iş şertlerini yzygiderli gowulandyrmak boýunça giň gerimli işleri durmuşa geçirýän Milli Liderimiziň, Arkadagly Serdarymyzyň döwletli tutumlarynda rowaçlyklaryň ýaran bolmagyny arzuw edýäris.

 

Meýlis GARRYÝEW, Gökdepe etrabynyň prokurorynyň kömekçisi, 2-nji derejeli ýurist.