MUKADDES BORJUŇ BUÝSANJY

12.02.2023

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň ilkinji şanly senesi — Watan goragçylarynyň güni ýetip geldi. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanymyzyň ygtybarly goralmagy mukaddes borç bolup, bu babatda merdana ata-babalarymyzdan miras galan ýörelgä eýerilýär. Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň tabşyryklaryndan ugur alnyp, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýady döwrüň talabyna laýyklykda pugtalandyrylýar. Harby gullukçylaryň gulluk we durmuş şertleriniň ýokarlandyrylmagyna uly üns berilýär.

Ajap eýýamymyzda ýaşlarda watansöýüjiligi terbiýelemekde gaýduwsyzlygyň, nusgasy bolan ata--babalarymyzyň gymmatly mirasy asylly ýörelgedir.

Çünki, geçmişde-de türkmen halky ata Watany, ene topragy gözüniň göreji deý goramagy başarypdyr. Şu ýörelgeden ugur alyp, ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemek derwaýys wezipe bolup, bu işe örän uly ähmiýet berilýär. Şu meselede ýokary netije ýaşlaryň arasynda guralýan düşündiriş we wagyz-nesihat işleriniň täsirli ýola goýulmagyna bagly. Şu çäreleriň ýaşuly nesliň wekilleriniň gatnaşmaklarynda geçirilmegi has-da uly täsir galdyrýar.

Ýaşuly neslimiziň zähmet we durmuş ýoly ýaşlar üçin nusgalyk ýörelge bolmak bilen, bu ýörelge türk-men ýaşlarynda watansöýüjiligi, mertligi, halallygy we zähmetsöýerligi terbiýelemekde uly ähmiýete eýe

bolýar. Ata Watana, ene topraga guwanjy we buýsanjy olaryň aňyna guýmaga zerur şertleri döredýär.

Watan goragy mukaddes we jogapkärli borçdur. Watan goragçylarynyň baýramynyň toýlanylýan günlerinde bu borç duýgusy buýsandyryp, Watana, hormatly Prezidentimize, türkmen halkyna ak ýürekden gulluk etmekde gujur-gaýrat döredýär.

 

Saragt AKMYRADOW, Sakarçäge etrap prokurorynyň kömekçisi, 3-nji derejeli ýurist.