15.02.2023
Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda durmuşa geçirilýän ägirt uly özgertmeleriň netijesinde Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda belent maksatnamalar üstünlikli amala aşyrylýar. Döwletimiziň durnuklylygyny saklamak, jemgyýetiň jebisligini, asudalygyny we tertip-düzgüni üpjün etmek ýurt Baştutanymyzyň ýöredýän içeri we daşary syýasatlarynyň esasy özeni bolup durýar. Bu taryhy wezipeleriň durmuşa geçirilmeginiň Watanymyzy mundan beýläk-de üstünlikli ösdürmekde, döwletiň demokratik we hukuk esaslaryny pugtalandyrmakda möhüm ähmiýeti bardyr.
Konstitusiýamyzyň 1-nji maddasynda şeýle diýilýär: «Döwlet Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny, çäk bitewiligini, konstitusion gurluşyny goraýar, kanunylygyň berjaý edilmegini hem hukuk tertibini üpjün edýär». Bular, elbetde, Garaşsyz döwletimizde kanunylyk we hukuk tertibi döwletimiziň umumy syýasy gurluşynyň we işlemeginiň iň esasy başlangyjy, döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň sütünleýin ýörelgeleridir.
Ata Watanyň goragy özüniň gözbaşyny merdana ata-babalarymyzyň şan-şöhratly geçmişinden alyp, Garaşsyzlyk ýyllarynda watançylyk terbiýesi aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Gaýduwsyz
pederlerimiziň ata Watany, ene topragy gözüň göreji deý goramagyň asylly ýörelgesi ajap eýýamymyzda rowaç alýar. Ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemekde netijeli
işler yzygiderli alnyp barylýar. Watan goragy hakynda gürrüň açylanda, hor-matly Prezidentimiziň «Watan diňe hal bilen Watandyr» diýen parasatly sözleri ýadyňa düşýär.
Asuda asmanyň astynda, parahat zemi-niň üstünde, abadan hem owadan ýurdumyzda Arkadagly Serdarymyzyň jany sag. belent başy aman bolsun! Il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli tutýan tutumly işleri elmydama rowaç alsyn!
Mekan ATAÝEW, Mary etrap prokurorynyň uly kömekçisi, 3-nji derejeli ýurist.