06.03.2021
Milli Liderimiziň baştutanlygynda döwletimizde raýatlaryň saglygyny goramak esasy orunda bolup, «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, bu ulgamyň ösdürilip, döwrebaplaşdyrylýandygynyň, lukmançylygyň ylmy binýadynyň giňeldilýändiginiň şaýady bolýarys. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 52-nji maddasynda: «Her bir adamyň saglygyny gorap saklamaga, şol sanda döwlet saglygy goraýyş edaralarynyň hyzmatlaryndan mugt peýdalanmaga hukugy bardyr» diýlip bellenilmegi bolsa, biziň ýurdumyzda raýatlarymyzyň saglygynyň hukuk taýdan goraglylygynyň dabaralanmasydyr.
«Saglygym — baş baýlygym» diýen peder pähimine eýerilýän bagtyýarlyk döwründe saglygy goraýyş ulgamynyň kanunçylyk binýady yzygiderli kämilleşdirilýär. Munuň şeýledigini Sanitariýa kodeksine, «Raýatlaryň saglygynyň goralmagy hakynda» we «Derman üpjünçiligi hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryna girizilýän üýtgetmelerde we goşmaçalarda görmek bolýar.
Alym Arkadagymyzyň ýiti zehininden kemala gelen «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly 12 jiltli ylmy-ensiklopedik kitaplary ýurdumyzyň häzirki döwrüniň lukmançylyk ylmynyň, halk tebipçiliginiň köp asyrlaryň dowamynda kämilleşdirilen däplerine laýyklykda, keramatly türkmen topragynyň baý dermanlyk ösümlikleriniň melhemlik güýjüni beýan etmekde, olary ýüze çykarmakda, tebigy dermanlar arkaly keselleri bejermekde giňden ulanylmaga gönükdirilen tapylgysyz gollanma öwrüldi.
Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň: «Halkymyzyň saglygy abadan hem-de bagtyýar durmuşymyzyň berk binýadydyr, ähli rowaçlyklarymyzyň we üstünliklerimiziň gözbaşydyr» diýen paýhasly sözlerinden ugur alnyp, welaýatymyzyň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän ähli sagaldyş-dynç alyş merkezlerinde, şeýle-de ýurdumyzyň «Mollagara», «Arçman», «Ýyly suw», «Baýramaly», «Daşoguz», «Farap», «Berzeňňi», «Bagabat» şypahanalarynda türkmen sährasynyň jana şypaly, ýakymly ysly, dürli dermanlyk otlardan taýýarlanan çaýlar giňden ulanylýar. Alym Arkadagymyzyň paýhasyndan kemala gelen «Çaý — melhem hem ylham» atly kitabynda hem çaýyň ynsan saglygy üçin peýdasy, jana şypa beriji lezzeti giňişleýin beýan edilýär.
Goý, ynsan saglygy barada alada edýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun!
Sähragül AŞYROWA,Balkan welaýatynyň prokurorynyň uly kömekçisi, ýustisiýanyň geňeşçisi.