18.02.2023
— Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly eserinde: «Bu gadymy Diýarda Watan mertebesiniň belentliginiň hatyrasyna, ähli yhlasyny, gaýratyny bagyş eden merdanalaryň göreldesi nusga bolup ýaşaýar» diýen parasatly sözleri ýurdumyzyň parahatçylygyny, mähriban halkymyzyň abadançylygyny gözleriniň göreji kimin goraýan Watan goragçylarynyň kalplaryny buýsançly duýgulara besleýär.
Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Watan goragçylarynyň güni mynasybetli ata Watanymyzyň goranmak ukybyny, howpsuzlygyny pugtalandyrmakda, jemgyýetimizde kanunçylygy we hukuk tertibini berkitmekde, asudalygy gorap saklamakda çekýän arassa, halal zähmeti hem-de taýsyz yhlasy bilen işinde tapawutlanyp, göreldeli gulluk eden harby gullukçylaryň we işgärleriň ençemesine döwlet sylaglary gowşurylyp, ýokary derejeli harby atlar, hünär derejeleri berildi.
Bu baýramçylyk gününde meniň hem döwlet sylagy bilen, ýagny Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglanmagym mundan beýläk hem özümize bildirilen ynamy ödemek üçin gujur-gaýratymy gaýgyrman zähmet çekmäge ruhlandyrdy.
Hormatly Belent Serkerdebaşymyzy Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary bilen goşun generaly diýen harby adyň dakylmagy bilen şu ajaýyp pursatlarda gyzgyn gutlaýarys.
Ýurdumyzyň halkara abraýyny arşa götermek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak ugrunda taýsyz tagallalary edýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, işleri rowaç bolsun!
Begenç ÝOWŞANOW, Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň Umumy gözegçilik müdirliginiň barlag derňew bölüminiň müdiri, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi