DIÝARYM — KÖŇÜL KELAMYM

21.02.2023

Watan beýikdir. Biz ol beýikligi ýüreklerimizde apalap, has-da belent derejä ýetirýändiris. Watan mukaddesdir, keramatlydyr. Watanyňy janyňdan eziz görmek, onuň her daban ýerini gözüň göreji ýaly aýap saklamak her bir ynsanyň borjudyr. Islendik ynsanyň kalbynyň töründe Watana bolan belent we mukaddes söýgi bolýar. Sen nirede bolsaň­-da, ýüregiň şol mukaddeslige tarap ymtylýar. Il arasynda aýdylýan «Müsürde şa bolandan, öz iliňde geda bol» diýen pähim hem guşa öz höwürtgesinden, towşana dogduk depesinden eziz ýeriň ýokdugyny nygtaýar. Şeýle dürdäne setirleri bilen pederlerimiz bize watansöýüjiligiň, mertligiň, gaýratlylygyň, gaýduwsyzlygyň, lebzihalallygyň, birsözlüligiň gaýtalanmajak nusgalyk ýoluny miras goýupdyrlar. Şu ýoluň ýokary mekdebini üstünlikli geçen türkmen gerçekleri özleriniň watansöýüjilik, gahrymançylyk häsiýetleri bilen dünýäni haýrana goýupdyrlar. Müňýyllyklaryň dowamynda gahrymançylyk türkmen ýigitleriniň ganyna siňip, milli häsiýetlerimiziň naýbaşylarynyň birine öwrüldi.

Watan türkmeniň hany-manydyr, genji-känidir. Watana bolan söýgiň seniň päk ýüreginden, buýsançly seriňden, jan-u-jigeriňden güýç alýandyr. Ol seniň göwräňe şirin jan bilen ornan iň päkize, iň ajaýyp duýgularyň synmaz sütünidir. Ömri şu berklige daýanýan her bir türkmen beýikdir. Türkmen beýikliginiň jemi bolsa, mukaddes Watanymyzy beýgeldýär.

Ýaşamak, ýalkanmak üçin hem Watan gerek. Ata Watan hem ene toprak biziň bagtymyzdyr, açyk ýolumyzdyr. Ömür şu toprak, şu Diýar bilen ömürdir. Ykbal şu topraga dahylly bolanda yranmaz, sarsmaz güýçdür. Togrul beg, Çagry beg, Alp Arslan, Mälik şa, Soltan Sanjar, Soltan Jelaleddin ýaly merdana ata-babalarymyzyň edermenlik ýörelgelerini dowam etdirýän, kaddykamaty bilen Watan goragyna berlen ärleri, Rodoguna, Tumar şa, Altynjan hatyn ýaly taryhda yz galdyran merdana zenanlary bolan türkmen beýikdir. Şolardan nusga alýan edermen ýigitlerimiz, harby gelin-gyzlar, harby gullukçylar türkmen topragynyň asudalygyny goramakda mynasyp zähmet çekýärler, öz iline, ýurduna wepaly gulluk edýärler. Olar üçin Watan goragy iň mukaddes mertebe. Gahryman Arkadagymyzyň «Mertler Watany beýgeldýär» atly ajaýyp eserinde şeýle waka beýan edilýär: «Keýmir serdar, bir gün tamdyrtowy getirmäge daş çykanmyş welin, bir nätanyş gelip, ondan Keýmir serdaryň öýüni sorapdyr. Pähimli serdar oýlanyp oturman, oňa öz öýüni salgy beripdir. Birsalymdan ony tanan nätanyş ýanyna gelip:

— Näme üçin sen özüň kimdigiňi maňa aýtmadyň? — diýip, geň galmak bilen sowal berende bolsa:

— Sen menden öýümi soradyň, menem saňa salgy berdim. Bu ýerde geňlär ýaly zat ýok — diýipdir. Soňra myhman:

— Biz akylly serdar, han diýip mertebeläp ýördük welin, buýa öýünde tamdyrtowy daşap ýören biri ekeni — diýip, ýaňsyly gepläpdir.

— Men ilimiň serdary bolsamam, öz öýümiň hyzmatçysydyryn. Öz maşgalasynyň aladasyny etmeýänden iline serdar bolmaz — diýipdir».

Ine, şu pähimli jümleleri okanyňda, guýmagursak watançy bolan halkymyzyň maşgala ojagyna-da wepaly-ygrarlydygyna, ony eziz görýändigine, Watanyň hut öý-ojagyňdan, maşgalaňdan başlanýandygyna göz ýetirýärsiň. Pederlerimize mahsus şeýle nusgawy häsiýetler bize ýol-ýörelge bolmalydyr.

Döredilen wagtyndan bäri geçen 31 ýylyň dowamynda Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň binýady döwrebap söweş tehnikalary we tilsimatlary bilen berkidilip, ýurdumyzyň çäk bitewüliginiň hem-de halkymyzyň abadan durmuşynyň ykraryna öwrüldi. Halkymyzyň taryhynda öçmejek yz galdyran gahryman pederlerimiziň watansöýüjilik, gaýduwsyzlyk, ynsanperwerlik we dost-doganlyk ýörelgelerini harby däplerine ornaşdyran Milli goşunymyz bu günki gün eziz Watanymyzyň we mähriban halkymyzyň göz-guwanjydyr. Durmuşa geçirilýän harby özgertmeleriň netijesinde parahatçylygy maksat edinýän Ýaragly Güýçlerimiziň harby sungaty hem-de harby gullukçylaryň hünär başarnygy we söweşjeň taýýarlygy has-da kämilleşýär. Watany goraýan gaýratly, merdana harby gullukçylar gadymy hem müdimi halkymyzyň gerçeklik mekdebiniň mynasyp dowamydyr.

Harby gullukçylaryň kalbynda: «Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyza, mähriban halkymyza, Türkmenistanyň hormatly Prezidentine, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna gulluk edýärin!» diýen mukaddes Kasam hemişe belent ýaňlanýar.

 

 

Maýsa KURBANOWA, Mary welaýat prokurorynyň hukuk üpjünçiligi boýunça uly kömekçisiniň wezipesini ýerine ýetiriji, 2-nji derejeli ýurist.