AKYLDAR ŞAHYRYŇ ARZUWLAN NESLI

24.02.2023

Halkyň ýürek islegini goşgularyna siňdiren akyldar şahyrymyzyň döredijiliginiň aglaba böleginiň öwüt-nesihat, terbiýeçilik häsiýetlerine eýedigi onuň nesil terbiýesine aýratyn ähmiýet berendigini aňladýar.

Garaşsyzlyk türkmen halkyna ösüşli ýollaryň mümkinçiliklerini açdy. Berkarar döwletli bolan halkymyz şu günümiziň buýsanjy, ertirlerimiziň eýesi bolan bagtyýar ýaşlarymyzy akyldar şahyrymyzyň adyny göterýän guramanyň düzüminde birleşdirdi. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 28-nji ýanwarynda paýtagtymyzyň «Mekan» köşgünde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň nobatdaky VIII gurultaýy geçirildi.

Gurultaýyň dowamynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin döwlet maksatnamasynda bellenilen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça anyk çäreleri, döwrüň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Ýaşlarymyzyň mynasyp nesiller bolup ýetişmegi, bagtyýar durmuşymyzyň dowamat dowam bolmagy ugrunda yzygider alada edýän hormatly Prezidentimiziň, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, alyp barýan işleri hemişe rowaç bolsun!

 

 

Ruslan DÖWRANOW, Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň prokurory, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi