BUÝSANJYMYZ — EZIZ WATAN

06.03.2021

Milli Liderimiziň başda durmagynda başlanyp, rowaçlanýan täze taryhy eýýamyň ýeňişli menzillere, taryhy wakalara beslenýän ýyllary guwanç duýgusyny döredýär. Hormatly Prezidentimiziň goldamagynda “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip atlandyrylan üstümizdäki ýylyň hem ýokary görkezijiler, taryhy wakalar bilen dabaralanjakdygy şübhesizdir. Sebäbi şanly ýylymyzyň ilkinji aýlarynyň belent sepgitleri, guwançly wakalary Beýik Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň uly toýunyň toýlanyljak ýylynyň Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň taryhyna altyn harplar bilen ýazyljakdygyna güwä geçýär.

Her güni  bizi şanly senä —  Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygyna ýakynlaşdyrýan Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda döwletimiz köp ugurly ösüş-özgerişleriň täze belentliklerine çykýar. Türkmen halkynyň parahat, asuda, abadan durmuşda döredijilikli zähmet çekip, eşretli günleriň hözirini görmegine ähli şertler döredilýär.

 

Yhlas Çowdurow,  Tagtabazar etrap prokurorynyň kömekçisi, 2-nji derejeli ýurist.