27.02.2023
Watan her bir ynsan ogly üçin tarypyna söz ýetmez, aňyrsyna göz ýetmez gymmatlykdyr.
Hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Watana hyzmat etmegiň mukaddesligini her bir ynsan üçin ýol ýörelge, şamçyrag edinip boljak derejede kämil beýan edýär: «Biziň döwletimiziň mundan beýläk-de gülläp ösmeginde ilkinji we esasy şertimiz Watana bolan söýgümizdir! Watan biziň gözümiziň görejidir! Watan başymyzyň täjidir! Watana söýgi iň beýik söýgüdir! Watan — biziň guwanjymyzdyr!».
Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy eziz ýurdundan aýra düşmegiň ynsan üçin edil ruhuň bedenden aýra düşüşi ýaly ajy dertdigini goşgularynda çeper meňzetmeler arkaly has düşnükli beýan edýär.
Ata-babalarymyzyň düýpli ynanjyna we ýol-ýörelgesine görä: «Ata Watan aman bolsa, reňki roýuň saman bolmaz». Halkymyzda il-günüň, ata Watanyň hyzmatyna ýaramak her bir ynsan üçin mukaddes borç, belent mertebe, beýik dereje hasap edilýär. Hut şonuň üçin hem dünýä inen çaga dileg edilen de: «Ile-güne, ýurda gerekli adam bolup ýetişsin!», «Il derdine ýarasyn!», «Watanyň goç ogly bolsun!» diýlip doga edilýär.
Watan hyzmatyny etmegiň beýikligi barada gürrüň açylanda, soltan Alp Arslanyň weziri Nyzamylmülk bilen eden gürrüňleri nusgawy häsiýete eýedir:
— Eý, dünýäniň ençeme bölegini özüne tabyn edip, halkyýetleriň köňüllerinde yslam daragtyny eken şahymerdan Alp Arslan. Eýsem, bu älemde ynsan kowmuna mahsus bolan iň beýik wezipe haýsydyr?
Paýhasly weziri bilen dünýä ylymlary babatda sowal-jogap, çekeleşik guramagy adat edinen soltan ynamly jogap beripdir:
— Öz Watanyňa hyzmat etmek, halkyň hajatyna ýaramak — ynsan üçin şundan belent wezipe, beýik mertebe ýokdur!
Gülläp ösýän gül Watanyň goýnunda, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda hormatly Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, ata Watanymyzyň röwşen geljegi üçin okamak, öwrenmek, göreldeli gulluk etmek biziň bagtyýar ýaşlarymyzyň öňlerinde goýýan baş maksadyna öwrülmelidir. Watana gulluk etmek, halkyň hyzmatyna ýaramak Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň bagtyýar ýaşlarynyň milli mertebesine öwrülmelidir. Watan goragçylary watansöýüjiligiň, ösen aň-düşünjeliligiň, giň gözýetimliligiň, ruhubelentligiň, sagdynlygyň nusgasy bolmalydyr.
Parahat Zeminiň üstünde, asuda asmanyň astynda eziz Watanymyzy, mähriban halkymyzy bedew bady bilen ösüşlerden-ösüşlere alyp barýan hormatly Prezi den timiz bilen eziz
Arkadagymyzyň başlary belent, işleri rowaç bolsun.
Rahim ÇARYÝEW, Daşoguz şäheriniň prokurory, 1-nji derejeli ýurist