06.03.2021
Hormatly Prezidentimiz täze taryhy eýýamyň başyny başlamak bilen, köpugurly özgertmelere badalga berdi. Gysga döwrüň içinde milli ykdysadyýetimizde, medeni we beýleki ulgamlarda giň möçberli işler durmuşa geçirildi. Şeýle ösüş-özgerişli zamanamyzda jemgyýetimizde sagdyn durmuşyň berkararlygyny gazanmagyň zerurlygy öňe çykdy. Şonuň üçinem milli Liderimiz neşekeşlige we neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna garşy aýgytly göreşi yglan etdi. Neşe belasyna garşy döwlet ähmiýetli, il-gün bähbitli göreş ählihalk işine öwrülip, gowy netijesinem berdi.
Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň nygtaýşy ýaly, neşe howpunyň garşysyna göreşmek üçin mümkin bolan ähli çäreler görüldi. Möhüm meseledäki tutanýerli tagallalar sanlyja ýyllarda gowy netijesinem berdi. Jemgyýetimizde sagdyn durmuşyň dabaralanmagynda aýgytly ädim ädildi. Neşekeşligiň halkymyzyň durmuşyndan ýok bolup gitmeginde gazanylýan üstünlige garamazdan, bu wajyp wezipäniň çözgüdinde entek arkaýynlaşmaly däldiris. Gürrüňi edilýän meselede häzirki wagtda düşündiriş-öňüni alyş işleri ýetilen sepgidi has-da berkitmekde uly ähmiýete eýe bolýar. Şonuň üçinem prokuraturamyzyň işgärleri jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgesiniň dabaralanmagyna gönükdirilen işlere saldamly goşantlaryny goşýarlar. Biz edara--kärhanalarda, geňeşliklerde duşuşyklary geçirip, yzygiderli çykyş edýäris. Neşekeşligiň adamyň saglygyna, at-abraýyna ýetirýän zyýany barada durup geçýäris. Sagdyn durmuşyň eşretli ýaşaýşyň gözbaşydygyny anyk mysallar arkaly düşündirýäris.
Nurmuhammet Ezizow, Oguzhan etrap prokurorynyň kömekçisi, 3-nji derejeli ýurist.