MUKADDESLIGIŇ GORAGY

05.03.2023

Gahryman Arkadagymyzyň beýik tagallalary bilen 2021-nji ýylda «Türkmenistanyň Watan goragçysy» diýen hormatly ady döretmek hakynda» degişli Kanun kabul edildi. Bu adyň döredilmegi ýurdumyzyň Watan goragçylarynyň gulluk wezipesine bolan höwesini, söýgüsini has-da artdyrdy, olary belent maksatlara, ajaýyp üstünliklere ruhlandyrdy.

Kanunçylyk nukdaýnazaryndan, her bir adam döwletiň Konstitusiýasyny we kanunlaryny, adam hukuklaryny we azatlyklaryny hormatlamaga we berjaý etmäge, öz üstüne alan gulluk we wezipe borçlaryny döwletimiziň ýagty geljeginiň hatyrasyna ak ýürekden ýerine ýetirmäge, Watany goramaga borçludyr. Bu barada Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 58-nji maddasynda: «Türkmenistany goramak her bir raýatyň mukaddes borjudyr. Türkmenistanyň raýaty bolan her bir erkek adam üçin ählumumy harby borçlulyk bellenendir».

Hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň mukaddes topragyny gorap saklamakda we şu günki nesillere ýetirmekde uly işleri bitiren atalarymyzyň, hormatly Prezidentimiziň garry atasy, halk gahrymany Berdimuhamet Annaýewiň gahrymançylykly ömür ýoly, onuň 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda görkezen edermenligi we uruşdan soňky ýyllarda döwletimizi, milli bilim ulgamyny ösdürmekde durmuşa geçiren nusgalyk işleri bagtyýar durmuşda ýaşaýan her bir ildeşimiz üçin kämil görelde mekdebidir.

Ýeri gelende bellesek, 2018-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda ilhalar ynsan, watançy esger, ussat mugallym Berdimuhamet Annaýewiň Watany goramakda we harby borjy ýerine ýetirmekde görkezen şahsy edermenligi, 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda görkezen batyrlygy hem-de gaýduwsyzlygy üçin mynasyp bolan Russiýa Federasiýasynyň ýokary döwlet sylagy — «Edermenligi üçin» diýen medalyny, şeýle hem Berdimuhamet Annaýewiň gullugyna dahylly Russiýanyň harby arhiwlerinden ýygnalan kitap görnüşindäki resminamalary Milli Liderimize dabaraly gowşurylmagy türkmen ýigitleriniň batyrlygyna, mertligine, gaýduwsyz watansöýüjiligine berlen belent baha boldy.

Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet guşy» romanynda Berdimuhamet Annaýewiň meýletin urşa gitmek barada aýgytly hereketlerini teswirleýän pursatlar okyjyda uly täsir galdyrýar. Bu barada watançy esgeriň öz mähriban perzendine ýüzlenip: «Size kyn düşjegini bilýärin, oglum. Ýöne ýurduň başyna şeýle apat inen wagty, meniň bu ýerde hiç hili sabyr-kararym, rahatlygym ýok. Ýüregim agzymdan çykyp gelýär...», «Ýurduň başyna agyr iş düşdi. Bu belany ýeňmän, bagtly ýaşap bolmaz. Bize bolsa bagtly ýaşamak gerek. Şonuň üçin men il deňinde fronta gitmekçi» diýip, aýdan sözlerini tolgunman okamak mümkin däl.

Eserde Mälikguly arkasy goşhaltaly urşa barýan obadaş ýigitlerini göz astyndan synlap, olaryň ýekejesiniň hem ýüzüniň salyk däldigine, özlerini gaty ynamly hem dogumly alyp barýandyklaryna tüýs ýürekden guwanýar. «Biz hökman ýeňip geleris!» diýip, juda ynamly aýdýan gahrymanlar okyjyda çuňňur kanagatlanma duýgusyny döredýär. Şol pursatlardan başlap, eserde geljege bolan uly ynam, gahrymançylygyň belent owazy ýaňlanyp ugraýar.

Ýaş Mälikgulynyň keşbinde Watan goragyna çykmaga bolan hyjuw güýçli şöhlelenip başlaýar. Bu barada «Döwlet guşy» romanynda: «Mälikgulynyň ululara gözi gidýär, biçak gözi gidýär. Şolara meňzemek isleýär. Ol kämillik ýaşyna ýeten bolsady, hökman, hawa, hökman fronta giderdi. Iň soňky damja ganyna çenli Watan üçin, halky üçin söweşerdi... Watan üçin, il-günüň üçin göreşmek, söweşmek iň uly mertebe!» diýen täsirli setirler bar. Munuň özi ýaş watançynyň gahrymançylyk babatda öz pederlerinden geçen häsiýetlere bagrynyň berk badaşandygyny alamatlandyrýar. Mälikguly kyblasynyň urşa gitmegi bilen bir demde ýigit çykyp, maşgalanyň aladasyny öz gerdenine alýar, ejesiniň daýanjy bolup, okuw, zähmet işlerine tutanýerlilik bilen girişýär. Ekin meýdanlarynda ýer sürmekde, hasyl ýygnamakda we beýleki işlerde obadaşlaryna ýakyndan kömek bermäge işeňňir gatnaşýar. Entek oglanlykdan saýlanmadyk Mälikguly öz oglanlyk dünýäsinden ulularyň dünýäsine aralaşýar.

Milli Liderimiz mähriban atasynyň urşa gidip, görkezen edermenligi, kakasy Mälikguly aganyň pajygaly döwre gabat gelen çagalygyny «Döwlet guşy» atly romanynda giňişleýin beýan edýär. Onda şeýle sözler bar: «Men çagalykda mähriban kakamyň şol agyr geçen ýyllar hakdaky gürrüňlerini kän diňledim. Ol ýyllar kakama taplanyş, kämillik mekdebi bolupdyr. Şeýle agyr şatylara merdi-merdanalyk bilen döz gelip, oba adamlaryna goldaw-hemaýat beren, beýik gahrymançylyk görkezen kakama men çäksiz guwanýaryn, buýsanýaryn. Kalbyma dolan şol guwanç, buýsanç duýgularym durmuşa, Watana, il-ulsuma çäksiz söýgi, mertlik, tutanýerlilik, gaýratlylyk, ruhubelentlik, y ns a npe r we r l i k mekdebi bolup, meni üstünliklerden-üstünliklere atardy, bagta eltýän çelgi boldy, her hili çykgynsyz pursatlarda, her bir ädimde maňa hemaýat-goldaw berdi».

Berkarar döwletimizde biz — prokuratura işgärleri hem hormatly Prezidentimiziň hukuk özgertmelerini netijeli durmuşa geçirmek, kanunlary we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryny talabalaýyk ýerine ýetirmekde yhlasly işlejekdigimize ynandyrýarys.

Goý, Watanymyzy söýmekde nusgalyk görelde bolýan Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, durmuşa geçirýän beýik işleri rowaç bolsun!

 

Aýbölek NURSÄHEDOWA, Aşgabat şäheriniň prokuraturasynyň baş derňew bölüminiň uly prokurory, 1-nji derejeli ýurist.