06.03.2021
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmäge netijeli goşant bolýan, raýatlaryň hukuklaryny we erkinligini üpjün edýän kanunçylygyň hereket etmegi gazanylýar. Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow geçirýän her bir mejlislerinde, iş maslahatlarynda döwlet dolandyryş işini kämilleşdirmegiň, jemgyýetçilik gatnaşyklaryny hil taýdan täze derejelere götermegiň hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň öňünde wezipe edip goýlandygyny belleýär. Dünýäde üýtgäp duran ykdysady we jemgyýetçilik-syýasy ýagdaýlaryň, şeýle hem ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli ugurlarynda durmuşa geçirilýän özgertmeleriň döwlet-hukuk institutlarynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmegi, täze kanunlary gaýra goýman kabul etmegi we olary örän çalt durmuşa ornaşdyrmagy, Türkmenistanyň milli hukuk ulgamynda Konstitusiýanyň jemgyýetdäki ornuna we ähmiýetine täzeden garamagy talap edýändigini nygtaýar. Milli Liderimiz Türkmenistanyň we onuň raýatlarynyň okgunly öňe barýan dünýäniň, halkara jemgyýetçiliginiň ösüşlerinden birjik-de yza galmaly däldigini häli-şindi tekrarlaýar we bu babatda zerur bolan çäreleriň haýal etmezden durmuşa ornaşdyrylmagy ugrunda tagalla edýär. Dünýewi, demokratik, hukuk döwletimizi mundan beýläk-de bedew bady bilen ösdürmäge netijeli täsir edýän, raýatlaryň hukuklaryny we erkinligini üpjün edýän kanunçylygyň höküm sürmegi üçin çäksiz tagallalar edilýär. Türkmenistanyň kanunçylyk ulgamynda öňdebaryjy täzelikleriň orun almagy döwletimiz hem jemgyýetimiz üçin adam ömrüniň we saglygynyň iň gymmatly baýlykdygyny we ony ähli oňaýsyz täsirlerden hem-de jenaýatçylykly hyýanatçylyklaryň dürli görnüşlerinden goramak üçin ýurdumyzda ähli zerur çäreleriň görülýändigini subut edýär.
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary bilen geçirýän mejlislerinde belleýşi ýaly, häzirki döwürde jenaýat, jenaýat iş ýörediş we jenaýat ýerine ýetiriş hukugyna, şeýle hem hukuk ulanyş ulgamynyň düzgünlerine toplumlaýyn, özara baglanyşykly düzedişleri girizmäge uly üns bermek gerek.
Hormatly Prezidentimiziň hut şu görkezmesinden ugur alyp, prokuratura işgärleri jenaýatçylyga garşy, onda-da, kämillik ýaşyna ýetmedikleriň arasynda bu nogsanlyklara garşy göreşi has giň alyp barmak maksady bilen, ýerlerde, edara-kärhanalarda, aýratyn hem, okuwçylaryň arasynda wagyz-nesihat çärelerini geçirýärler. Ol Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedowyň görkezmesiniň ýerlerde doly we dogry berjaý edilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Mähri KÄBIŞOWA, Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäheriniň prokurorynyň tälim alyjy kömekçisi.