DÖWRE BUÝSANÇ – ZÄHMETE HYJUW

07.04.2023

— Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 17-nji martynda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde ýurdumyzda gowaça ekilişine badalga berildi. Obasenagat toplumynyň esasy pudaklarynyň biri bolan pagtaçylykda ýokary netijeleri gazanmak ugrunda ähmiýetli çäreler durmuşa geçirilýär. Pagtany gaýtadan işleýän senagat döwrebaplaşdyrylyp, sebitlerde häzirki zaman pagta arassalaýjy kärhanalary gurulýar. Häzirki wagtda ähli welaýatlarymyzda orta süýümli gowaça tohumynyň saýlama görnüşleri ýetişdirilýär. Bu ugurda önümçiligiň öňkiler bilen deňeşdirilende, ep-esli artýandygy watandaşlarymyzyň çekýän halal zähmetiniň ýerine düşýändiginiň mysalydyr. Halkymyzyň bolelin durmuşy, ykdysadyýetimiziň galkynmagy ugrunda uly tagallalary edýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, döwletli işleri rowaç bolsun!

 

Merdan BEGLIÝEW, Ak bugdaý etrap prokurorynyň kömekçisi, 3-nji derejeli ýurist