DÖWLET GULLUKÇYSYNYŇ EDEBI

10.04.2023

Ata-babalarymyzyň parasatly tagallalary bilen uzak taryhyň dowamynda jemgyýetimizde kämil edep kadalary babatda kämil derejede düzgünler işlenilip düzülipdir. Häzirki wagtda ynsanyň şahsyýet bolmagyna ýardam edýän şol düzgünler her bir türkmeniň häsiýetiniň bezegine öwrüldi.

Ykbalyny Watana hyzmat etmäge baglan döwlet gullukçysynyň hem wezipe-borçlary bilen bagly işi ýerine ýetiren wagtynda özüni alyp barşynyň jemgyýet tarapyndan ykrar edilen ahlak ýörelgeleriniň, kadalarynyň we düzgünleriniň ulgamy bar. Hukuk döwletimizde bu ulgamyň umumy ykrar edilen ýörelgelerine, döwlet gullukçysynyň ahlak keşbine we işewür sypatlaryna bolan talaplar ýokarlandyryldy. Şeýle-de onuň hünär işini mynasyp amala aşyrmagy üçin umumy etiki kadalar we özüni alyp baryş düzgünleri milli kanunçylygymyza girizildi. Şeýle kanunçylyk namalarynyň biri hem «Döwlet gullukçysynyň etikasy we gulluk özüni alyp barşy hakynda» Türkmenistanyň Kanunydyr. Bu Kanunyň 3-nji maddasyna laýyklykda, döwlet gullukçysynyň ahlak keşbine we işewür sypatlaryna ýokary talaplar jemgyýet we döwlet tarapyndan döwlet gullugyna bolan aýratyn ynamyň ýüze çykmasydyr. Elbetde, ata Watanymyza halal gulluk edip, döwlet gullukçysy adyny abraý bilen göterýän ynsanlarda, ilkinji nobatda, öz ýerine ýetirýän işine jogapkärçilik bolmalydyr. Jogapkärçilik bolan ýagdaýynda, ol ynsanyň işewür sypatlarynyň hem kämil keşbi emele gelýär, şeýle döwlet gullukçysy adamlaryň, döwletiň we jemgyýetiň uly ynamyna mynasyp bolýar. Ynam, aýratyn hem il-günüň ynamy bahasyz baýlykdyr.

«Döwlet gullukçysynyň etikasy we gulluk özüni alyp barşy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, döwlet gullukçylary raýatlar we işdeşleri bilen gürrüňdeşlikde sypaýyçylykly, hoşniýetli, mylakatly we ünsli bolmalydyrlar. Kanunyň bu talabynda hem döwlet edaralarynyň işgärlerine, ýagny döwlet gullukçylarynyň edep-terbiýeli, pespäl bolmalydyklary barasyndaky halkymyzyň kämil düşünjesi ykrar edilip, ynsanyň kämil şahsyýet, ýürekdeş işgär bolmagyň esaslary kesgitlenilýär.

Şeýle-de wezipe-borçlaryny ýerine ýetirende, döwlet gullukçysynyň daşky görnüşi raýatlaryň döwlet edaralaryna bolan hormatyna ýardam etmelidir, resmilik, sabyrlylyk we däbe eýermek umumy kabul edilen iş sypatyna laýyk gelmelidir. Gymmat däl-de, arassa, özüne çekiji däl-de, salykatly, bezemen däl-de, asylly egin-eşikleri geýinmek, elbetde, halkymyzyň daşky keşp barasyndaky gadymdan gelýän ýörelgelerini özünde jemleýär.

Biziň halal zähmet çekmegimiz üçin ähli şertleri, giň mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun!

 

Bibigül ÝAGŞYMÄDOWA, Daşoguz şäher prokurorynyň kömekçisi, 1-nji derejeli ýurist.