JEMGYÝETIŇ DÖREDIJILIK GÜÝJI

13.04.2023

Milli demokratiýany barha dabaralandyrýan, bütin dünýä äşgär edýän taryhy başlangyçlaryň Garaşsyz döwletimizde ösüp gelýän ýaş nesilleri watansöýüjilik, zähmetsöýerlik we ýokary ahlaklylyk ruhunda terbiýelemekde,jemgyýetde agzybirligi pugtalandyrmakda, il-ýurt bähbitli meseleleriň halkyň ygtyýarly wekilleri bilen maslahatlaşylyp çözülmegini üpjün etmekde ähmiýetiniň iňňän ýokarydygyny buýsanç bilen bellemelidiris

Ýaşlar ýurdumyzyň ertirini gurujylardyr. Ýaşlaryň golunda Watan baýdagy, ýüreginde Watan söýgüsi, dilinde Watan aýdymy, Watan we ýaşlar bir-biri bilen sazlaşykly, özboluşly gymmatlykdyr. Ýaşlar biziň geljegimizdir, Watanymyzyň ertirki abraý-mertebesidir. Ýylymyzyň buýsançly şygary ýürekleri hyjuwly, gollary gujurly türkmen ýaşlaryna bolan ynamy, olaryň öňündäki mukaddes borjy, belent jogapkärçiligi özünde jemleýär. Sebäbi Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlaryň kalby eziz Diýarymyza, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döredijilikli başlangyçlaryna bolan buýsançdan püre-pürdür.

Bagtyýar halkymyz türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň saýasynda erkana ýaşaýar, gurýar, döredýär. Bedew batly ösüşli ýurtda ýaşaýan türkmen halky her bir gününi altyn harplar bilen taryha ýazýar. Munuň şeýledigini şu ýylyň 28-nji ýanwarynda geçirilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VIII gurultaýynyň uly üstünliklere beslenendiginiň mysaly hem bütin aýdyňlygy bilen görkezýär. Gurultaýda ýaşlar syýasatyny ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary, öňde durýan möhüm wezipeler kesgitlendi. Ýeri gelende, geçen ýylyň 1-nji sentýabrynda ak mermerli paýtagtymyz Aşgabatda hut hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýynyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilendigini bellemek zerur. Şonda Arkadagly Serdarymyz ýaşlaryň öňünde çuň manyly çykyş edip, pähim-paýhasly pikir-garaýyşlaryny beýan etdi. Hormatly Prezidentimiz ýaşlara ýüzlenip: «Ylymly, bilimli, giň dünýägaraýyşly, sagdyn pikirlenmäge ukyply nesil döwletiň hem, milletiň hem geljegi hasaplanýar. Ýaşlaryň aň-düşünje, beden taýdan sagdyn, hünärine ezber, saýlap alan ýoluna yhlasly bolmagy üçin döredilýän mümkinçilikler örän uly we olara bildirilýän ynam hem ýokarydyr» diýdi. Munuň özi ýurdumyzda ýaşlaryň jemgyýetçilik-syýasy işjeňliginiň barha artýandygyny aýdyňlygy bilen görkezýär. «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda»Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşiniň kabul edilmegi geljegimiziň berk binýady bolan ýaşlar baradaky aladalaryň kanuny esasda berkidilýändiginiň aýdyň alamatydyr. Bu ugurdaky ýörite maksatnama bolsa ýaşlaryň daşary ýurt dillerini çuňňur öwrenmekleri, edebiýat we sungat bilen meşgullanmaklary, döredijilik bäsleşiklerine höwesleriniň artmagy üçin ähli mümkinçiliklere ýol açýar.

Ýaşlar Watanymyzyň okgunly ösmegi, at-abraýynyň belende galmagy ugrunda mynasyp zähmet çekip, uly yhlas, çuňňur bilim, gujur-gaýrat hem zehin bilen goşant goşmalydyr. Ýaşlaryň yhlas bilen öňe gitmekleri ugrunda tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň beýik işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

 

Baýrammuhammet ÝARYÝEW, Köneürgenç etrabynyň prokurorynyň kömekçisi, 3-nji derejeli ýurist.