SAGDYN NESIL — BAGTYÝAR GELJEK

19.04.2023

Gökdepe etrap merkezindäki Medeniýet köşgünde etrabyň prokuraturasynyň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşiniň bilelikde guramagynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Bütindünýä saglyk güni mynasybetli geçirilen duşuşyga etrapdaky mekdeplerden ýokary synp okuwçy ýaşlar gatnaşdy.

«Sagdyn nesil — bagtyýar geljek» şygary astynda geçen duşuşykda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda berkarar Watanymyzyň durmuşynda bolup geçýän taryhy wakalar, ýaşlaryň bagtyýarlygyna gönükdirilen tagallalar dogrusynda buýsançly gürrüňler edildi. Duşuşygyň barşynda jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini ýaýbaňlandyrmak, ýaşlary bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanmaga işjeň çekmek ugrunda alnyp barylýan işleriň ähmiýetine aýratyn üns çekildi.

Täsirlere beslenen duşuşykda ýaşlara sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermek, ýaramaz endiklerden daşda durmak, boş wagtlaryny peýdaly işlere sarp etmek bilen bagly gymmatly öwüt-ündewler berildi. Oňa gatnaşyjylar ýurdumyzy sagdynlygyň we bagtyýarlygyň mekanyna öwren Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň adyna päk ýürekden çykýan alkyş sözlerini beýan etdiler.

 

 

Silapberdi KAKAJANOW, Gökdepe etrabynyň prokurorynyň tälim alyjy uly kömekçisi.