BMG-niň Jenaýatyň öňüni almak boýunça Kongresinde Türkmenistanyň Baş prokurory çykyş etdi

18.03.2021

Baş prokuror B.Atdaýewiň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň wekiliýeti BMG-niň Jenaýatyň öňüni almak we adyl kazyýet boýunça 14-nji Kongresiniň 2021-nji ýylyň 7-12-nji marty aralygynda Ýaponiýanyň Kiýoto şäherinde onlaýn formatynda geçirilen işine gatnaşdy.

Bu çärä BMG-niň 150-den gowrak agza döwletleriniň we halkara guramalarynyň ýokary derejeli wekilleri gatnaşdy. 14-nji Kongresiň başlyklygyna Ýaponiýanyň Adalat ministri Ýoko Kamikawa saýlandy. Açylyş dabarasyna Ýaponiýanyň premýer-ministri Yosihide Suga hem gatnaşdy.

Türkmenistanyň wekiliýetiniň ýolbaşçysy B.Atdaýew öz çykyşynda gatnaşyjylara raýatlaryň hukuklary we azatlyklary, jenaýat kanunçylygy, jenaýat kazyýet önümçiligi baradaky döwlet syýasaty, şeýle hem Türkmenistanyň prokuratura edaralarynyň işi barada habar berdi.

Bu nukdaýnazardan, raýatlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny goramak, Türkmenistanyň kanunçylygyny kämilleşdirmek we özgertmek, guramaçylykly jenaýatçylygyň, terrorçylygyň, neşekeşligiň, adam söwdasynyň we kiber jenaýatçylygyň öňüni almak we olara garşy göreşmek ýaly ugurlar boýunça BMG-niň agentlikleri bilen bar bolan netijeli gatnaşyklar barada bellendi.