ARKADAG ŞÄHERI WE ŞÄHERGURLUŞYK IŞI

01.05.2023

Asyrlaryň dowamynda dünýäniň çar künjünde azymazym şäherleri, döwletleri guran türkmen halkynyň bu günki şöhratly nesli öz mukaddes ata Watanynda döwrebap we milli ruhda nusgalyk şäherleri gurýar. Ýurdumyzyň göwher gaşyna öwrülen şol şäherleri bezäp oturan binalary synlanyňda, hormatly Prezidentimiziň egsilmez hyjuwy, Gahryman Arkadagymyzyň irginsiz yhlasy aýdyň görünýär. Dana Pyragynyň: «Isgender, Jemşit saldyran//Beýik binalar görüner» diýen setirlerini seriňde aýlap, şol ajaýyp binalar bilen bilelikde olary gurduran beýik şahsyýetleriň hem atlarynyň taryha ýazylýandygyna akyl ýetirýärsiň.

«Döwlet ähmiýetli şäher» diýen aýratyn hukuk ýagdaýy bellenilen Arkadag şäheri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe binagärlige siňen hakyky nurana keşbidir. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň belleýşi ýaly, türkmen tebigatynyň gözel künjekleriniň birinde bina edilen Arkadag şäheri berkarar döwletimiziň güýç-kuwwatyny we ägirt uly ösüş mümkinçiliklerini bütin dünýä äşgär edýär. Bu ýerde milli we häzirki zaman binagärliginiň ösen tejribeleri utgaşdyrylyp, önümçilik, medeni-durmuş maksatly desgalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygynyň «akylly» şäher konsepsiýasy esasynda alnyp barylmagy ata Watanymyzyň döwrebap ösüşleriniň, milliligimize goýulýan sarpanyň aýdyň nyşanydyr.

Ýurdumyzda amala aşyrylýan il-ýurt bähbitli, tutumly işleriň her biriniň kanunçylyk esaslarynyň berkidilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Döwletimiziň berkararlygynyň, halkymyzyň abadan ýaşaýşynyň esasy görkezijileriniň biri bolan gurluşyk işlerinde kanunçylyk binýadynyň berkligi aýdyň görünýär. «Şähergurluşyk işi hakynda» Türkmenistanyň Kanuny ýurdumyzda şähergurluşyk işi amala aşyrylan mahalynda ýüze çykýan gatnaşyklaryň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny belleýär hem-de adamyň oňyn ýaşaýyş we durmuş gurşawynyň, ilatly ýerleriň durnukly ösüşini, gurluşyklarda kada ölçegleriniň we düzgünleriň talabalaýyk berjaý edilmegini üpjün edýär.

Kanuna laýyklykda, döwletimizde şähergurluşyk syýasaty adamyň ýaşaýyş-durmuş gurşawyny gowulandyrmaga, şol sanda maýyplygy bolan adamlaryň aýratynlyklaryny hasaba almaga, türkmen halkynyň medeni mirasyny gorap saklamaga, artdyrmaga, şähergurluşyk serişdeleri arkaly jemgyýeti durnukly ösdürmäge, ýerleri we tebigy serişdeleri netijeli hem-de aýawly peýdalanmaga, jemgyýetiň, döwletiň we raýatlaryň şähergurluşyk işi babatda bähbitlerini sazlaşykly utgaşdyrmaga hyzmat edýär.

Türkmenistanyň Mejlisiniň VI çagyrylyşynyň mart aýynda geçirilen nobatdaky maslahatynda «Şähergurluşyk işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň degişli kadasyna hususy ýaşaýyş jaýynyň gurluşygyndan başga desgalaryň gurluşygyna rugsatnamany, ygtyýarly edara tarapyndan hasaba alnandan soňra, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edarasy tarapyndan bermek, «Işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň (rejelenen görnüşi) degişli kadasyna ygtyýarlylandyrylmaly işleriň sanawyna senagat gurluşyk materiallaryny, önümlerini we konstruksiýalaryny öndürmek boýunça işi goşmak barada düzgünleriň girizilmegi bu ugurdaky kanunçylygyň döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirilýändigini görkezýär. Degişli kanunçylyga laýyklykda, sarp edijileriň hukuklaryny, raýatlaryň ömri, saglygy, emlägi, döwletiň we jemgyýetiň bähbitleri, tebigaty goramak, ösýän bazar gatnaşyklarynyň ýola goýulmagyna ýardam etmek, harytlaryň we hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak, medeni miras üçin howply bolup biljek işiň ygtyýarlylandyrylýan görnüşleri bilen meşgul bolýan şahslara gözegçiligi amala aşyrmak ýurdumyzda ygtyýarlylandyrmagyň maksatlary bolup durýar.

«Arkadag şäheri hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi ýurdumyzyň kanunçylygynda täze sahypadyr. Bu Kanunda hukuk ýagdaýy, çägi, ilaty, eýeçiligi, döwlet häkimiýetiniň ýerli wekilçilikli edaralary, ýerine ýetiriji häkimiýeti, kazyýet häkimiýeti, hukuk goraýjy edaralar, maliýe we maddy-tehniki taýdan üpjünçilik bilen bagly gatnaşyklary düzgünleşdirýän kadalar Arkadag şäheriniň işini hukuk esasynda ýokary derejede guramaga hyzmat eder.

Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, Arkadag şäheriniň ýaşlaryň şäheri hökmünde ykrar edilmegi guwançly ýagdaýdyr. Onuň binýadynda halkymyzyň şöhratly taryhynyň milli binagärlik ýörelgeleri bar. Köpetdagyň etegindäki gözel künjekde täze şäheriň gurulmagy bilen, taryhda öçmejek yz goýan şahsyýetleriň atlary hem ebedileşdirildi. Arkadag şäheri şäher gurluşygynda kämil türkmen nusgasy, berkarar döwletimiziň binagärlik sungatynyň ýalkymy bolmak bilen, onda ýurdumyzyň häzirki döwürde ýeten belent derejesi, halkymyzyň bagtyýar durmuşy öz beýanyny tapar.

 

Nurjemal BAÝRAMOWA, Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň Baş müdirliginiň hukuk üpjünçiligi bölüminiň müdiriniň wezipesini ýerine ýetiriji, 1-nji derejeli ýurist.