18.03.2021
«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ilkinji günlerinden başlap, Gahryman Arkadagymyzyň başda durmagynda il bähbitli, ýurt ähmiýetli alnyp barylýan döwlet syýasaty taryhyň gatlaryna öçmejek altyn harplar bilen ýazylýar. 25-nji fewralda döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzyň deputatlar düzümi bilen geçiren duşuşygynda döwlet ähmiýetli işleriň birnäçesine badalga berildi. Onda milli parlamentiň öňünde durýan wezipeler anyklanyldy. Türkmen döwletiniň ösüşiniň nobatdaky tapgyrynda kanun çykaryjylyk işiniň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi. Şunuň bilen baglylykda, Prezident maksatnamasynda göz öňünde tutulan özgertmeleriň hukuk esaslaryny döretmegiň, bazar ykdysadyýeti şertlerinde pudaklaryň netijeliligini ýokarlandyrmaga, dünýäniň ykdysady giňişligine işjeň goşulmaga gönükdirilen täze kanunçylyk namalaryny kabul etmegiň we hereket edýän kanunlary kämilleşdirmegiň zerurdygy bellenildi. Durmuşyň ähli ugurlaryna, şol sanda ýurduň ykdysadyýetini ösdürmek ulgamyna-da aýratyn üns çekildi. Bu ugurda milli kanunçylygy yzygiderli kämilleşdirmek, hususan-da, ýuridik şahslaryň döwlet tarapyndan bellige alnyşyny döwrebap ýagdaýa getirmek üçin «Ýuridiki şahslary döwlet tarapyndan bellige almak hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasynyň taýýarlanylmagynyň zerurdygy bellenildi. Bu wezipeleriň üstünlikli çözülmegi bolsa halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmegiň möhüm şerti bolup durýar.
Gahryman Arkadagymyz kanun çykaryjy, ýerine ýetiriji edaralaryň işini kämilleşdirmek, möhüm kanunçylyk namalarynyň kabul edilmegi we durmuşa geçirilmegi, raýat jemgyýetiniň demokratik edaralaryň durmuşa geçirýän çäreleriniň netijeli häsiýete eýe bolmagy bilen baglanyşyklydygyny nygtady. Watanymyzy has-da ösdürmekde «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy» esasynda kesgitlenen wezipeleri ýerine ýetirmek barada birin-birin durup geçdi.
Dünýäde ykrar edilen Liderimiziň halkara derejesinde alyp barýan kämil daşary syýasaty netijesinde ösüşleriň, özgerişleriň täze belentliklerine göterilýän Türkmenistan bilen dünýä döwletleriniň arasynda döwrebap hyzmatdaşlyklar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Dünýäniň iň ösen döwletleri bilen özara bähbitli ikitaraplaýyn hem-de köpugurly gatnaşyklaryň ýola goýulmagy ýurduň ykdysady kuwwatynyň halkara derejesinde pugtalandyrylmagyna ak ýollary açýar. Bu bolsa halkymyzyň agzybir, asuda ýaşaýşynyň kepili bolup dabaralanýar. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän sanly ulgamy ösdürmek, şonuň bilen birlikde sanly ykdysadyýeti durmuşymyza ornaşdyrmak barada edýän tagallalary bimöçberdir. Sanly ykdysadyýeti ösdürmek üçin onuň kanunçylyk binýadyny yzygiderli kämilleşdirmek, erkin ykdysady zolagy döretmek we olaryň netijeli işlemegini üpjün etmek üçin kanunçylyk namalaryny kämilleşdirmek ýaly işler şol günki duşuşygyň möhüm meselelerine öwrüldi.
Halkymyzyň ruhy baýlygyny ösdürmek, maddy baýlyklaryny aýawly saklamak maksady bilen «Döredijilik birleşikleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyny işläp taýýarlamak barada Gahryman Arkadagymyz türkmen deputatlarynyň öňünde wezipe goýdy.
Milli Liderimiz bilim ulgamynda alnyp barylýan işler barada aýtmak bilen, bu ugurda gazanylýan netijeleriň ýurdumyzyň ösüşindäki ähmiýetini nygtady. Milli bilim ulgamyny dünýäniň iň täze gazananlary bilen utgaşdyryp nesillere ýetirmegiň döwrüň talaplaryna laýykdygyny belläp, «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşini taýýarlamagy tabşyrdy.
Ekologiýany arassa saklamak, onuň ösümlik we haýwanat dünýäsine eýeçilik gözi bilen garamak her bir türkmen raýatynyň mukaddes borjudyr. «Döwlet ýer kadastry hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna, Suw kodeksine, «Aw awlamak we aw hojalygyny döretmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny döwrebap ýagdaýa getirmek, «Atçylyk we atly sport hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeleri girizmek hakyndaky gozgalan meseleler hem hut ekologiýa abadançylygynyň üpjün edilmeginde döwlet tarapyndan giň gerimli işleriň durmuşa geçirilýändiginiň subutnamasyna öwrüldi.
«Ýerli öz-özüňi dolandyryş hakynda» Türkmenistanyň Kаnunynyň taslamasyny taýýarlamak barada aýdylanlar bolsa, ýurdumyzda alnyp barylýan adam we onuň hukuklaryny goramak baradaky edilýän aladalaryň ýene-de bir subutnamasydyr. Häzirki döwürde ýurdumyzyň döwlet häkimiýetiniň kanun çykaryjy edarasy hil taýdan täze, iki palataly parlament ulgamyna geçdi. Вu bolsa ynsanperwer döwlet syýasatynyň iş ýüzünde dabaralanmasydyr. Şonuň bilen birlikde, raýatlaryň saýlamak we saýlanmak babatda konstitusion hukuklaryny erkin ulanmaklary esasynda döwleti we jemgyýeti dolandyrmaga wekilçilik edýän edaralaryň üsti bilen gatnaşmaklaryna giň mümkinçilikler döredilýär.
Maslahatyň dowamynda milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, Konstitusiýamyza laýyklykda «Türkmenistanyň Milli Geňeşi hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi we bu resminama boýunça kadalaşdyryjy hukuk namalary taýýarlanyldy. Saýlaw kodeksine hem üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi. Ýurdumyzyň syýasy ulgamyny kämilleşdirmek, ýurduň döwlet we jemgyýetçilik durmuşyny demokratiýalaşdyrmak, aç-açanlyk ýagdaýynda, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň düzgünlerine we halkara hukugynyň kadalaryna laýyklykda geçiriljek saýlaw «göni däl» diýlip atlandyrylmak bilen, ýurdumyzda ilkinji gezek geçirilýär. Bu saýlawlara il içinde abraýdan peýdalanýan, ýokary hünär derejeli işbaşarjaň raýatlardan Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalygyna dalaşgärlige hasaba alyndy. Şu günler bolsa dalaşgärler raýatlar bilen duşuşyp, öz öňünde goýýan maksatlaryny saýlawçylara ýetirýärler. Ýakyn günlerde geçiriljek bu saýlawlar «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň möhüm wakalarynyň hataryna girip, türkmen taryhyna öçmejek nur çaýar. Türkmen demokratiýasynyň dünýä ýüzünde dabaralanmagynyň şamçyragy bolup, şöhratly geljegimize, ýagty ertirimize şöhle saçar.
Maýsa KURBANOWA, Mary welaýatynyň prokurorynyň hukuk üpjünçiligi boýunça uly kömekçisiniň wezipesini ýerine ýetiriji, 2-nji derejeli ýurist.